Sepleriň elýeterliligi

Täjik prezidentiniň garyndaşy barada karar çykaryldy


Täjik resmileri prezident Emomali Rahmonyň uzak garyndaşynyň agyr ýol heläkçiligine gatnaşygynyň bolandygy hakda karar çykarýandyklaryny aýtdylar.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda täjik paýtagty Duşenbe şäherinde bolan ýol hadysasynda üç adam ölüp, şeýle-de dördüsi ýaralanypdy. Bu ýol hadysasy gijäň ýary şäheriň köçelerinde iki awtoulagyň bir-biri bilen ýaryşmaga synanyşan mahaly bolupdy.

Başdaky maglumatlarda bu ýol heläkçiligine Täjigistanyň Demirýol kompaniýasynyň öňki başlygy Amanullo Hukumatullonyň 16 ýaşyndaky ogly Rasul Amanullonyň jogapkärdigi aýdylypdy.

Emma Täjigistanyň içeri işler ministri Ramazon Rahimzoda özüniň 18-nji iýulda žurnalistlere beren maglumatynda deslapky derňewler we sud tarapyndan geçirilen birnäçe barlaglar “Rasul Amanullonyň günäsizdigini subut etdi” diýdi.

Amanullo ýol hadysasy baradaky dawadan sähel wagt soň ýitirim bolupdy. Aradan birnäçe wagt geçen soň, onuň “ýol heläkçiliginiň yz ýany Germaniýada saglyk bejergisini alýandygy” habar berlipdi.

Bu maglumatlar köpçülikleýin närazylyklara sebäp bolandan soň, derňewçiler Amanullonyň ulagda diňe ýolagçydygyny öňe sürüpdiler.

Ýanwar aýynda täjik prezidenti Emomali Rahmon ýurduň Demirýol kompaniýasynyň şol döwürdäki başlygy Amanullo Hukumatullony pensiýa çykarypdy.

XS
SM
MD
LG