Sepleriň elýeterliligi

Yragyň prezidenti ýurda dolanýar


Yragyň prezidenti Jalal Talabaniniň syýasy partiýasy kürt syýasy lideriniň 19-njy iýulda Yraga dolanjakdygyny habar berýär. Talabani 18 aýdan bäri Germaniýada saglyk bejergisini alýardy.

Kürt lideri Yragyň awtonom Kürt regionyndaky Süleýmaniýa şäherine dolanmagy planlaşdyrýar. Bu regiondan berilýän maglumatlara görä, onuň syýasy karýerasyna dolanyp-dolanmajakdygy barada aladalanmalar bar.

Talabaniniň “Kürdüstanyň watançylyk bileleşigi” atly partiýasy özüniň 18-nji iýulda beren maglumatynda kürt lideriniň “saglyk bejergisiniň üstünlikli” amala aşyrylandygyny habar berdi.

Talabani Yrakda çuňňur krizisler we mezhebara bölünişikler dowam edýän mahaly ýurda dolanýar.

Sünnileriň ýolbaşçylygyndaky söweşijiler Yragyň demirgazygyndaky we günbataryndaky territoriýalary ele saldylar.

XS
SM
MD
LG