Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Sekiz ýarymharby öldürildi


Pakistanyň howpsuzlyk resmileri söweşijiler tarapyndan ýarymharby hökümet güýçleriniň sekiz agzasynyň öldürilendigini aýdýarlar. Bu waka Pakistanyň durnuksyz demirgazyk-günbataryndaky obada geçirilen reýdler mahaly bolup geçdi.

18-nji iýulda daň bilen başlan bu operasiýalarda başga-da azyndan bäş söweşijiniň öldürilendigi aýdylýar.

Ýarymharbylar Haýber tire-taýpalar etrabynyň Jumrud territoriýasyndaky Gundaý obasynda Pakistanyň Serhet korpusy bilen birlikde gulluk edýärdiler.

Bu aralykda, Pakistanyň Peşawar şäherinde hem, polisiýa ulagynyň golaýynda bombanyň partladylmagy netijesinde bir polisiýa ofiseri heläk boldy.

Pakistandaky bu ýowuzlyklar ýurduň hökümet güýçleri Demirazgyk Waziristandaky yslamçy söweşijilere garşy maý aýynyň ahyrynda başladan hüjümlerini dowam etdirýän mahaly bolup geçýär.

XS
SM
MD
LG