Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Kiýew HHG-niň Russiýadan gelendigini delillendirýär


MH17 uçaryň bir bölegi. 18-nji iýul, 2014 ý.

MH17 uçaryň bir bölegi. 18-nji iýul, 2014 ý.

Ukrainanyň howpsuzlyk gullugy (SBU) ýurduň gündogaryndaky söweşijileriň özara gepleşigidigi çaklanylýan audioýazgylary köpçüligiň dykgatyna ýetirdi.

Kiýew bu ses ýazgylarynyň separatistleriň 14-nji iýulda Russiýadan howa hüjüminden goranyş kuwwatly "Buk-M" zenit-raketa ulgamyny alandygyna güwä geçýändigini nygtaýar.

SBU “Malaýziýa Howaýollaryna” degişli uçaryň hut şu ulgam arkaly urlup ýykylandygyna ynanýar. 17-nji iýulda bolan bu wakada 300-e golaý adam öldi.

Ýaýradylan audioýazgydaky ilkinj gürrüňdeşligiň 14-nji iýulda öz-özlerini “Lugansk Halk Respublikasy” diýip atlandyran toparyň ýolbaşçysy bilen Russiýanyň harby GRU aňtaw gullugynyň “Oreon” lakamly ofiseri bilen aralykda bolandygy aýdylýar.

Gürrüňdeşlikde Luganskynyň komandiri “Bizde eýýäm "Buk" bar, indi biz olary [Ukrainanyň harby uçarlaryny] urup ýykarys” diýýär. “Oreon” hem “Hawa, men muny bilýän” diýip jogap berýär.

Ikinji ýazgyda Donetsk separatistlerinden “Burýat” lakamly komandiriň Orsýetiň GRU gullugynyň “Hmuryý” lakamly beýleki bir ofiseri bilen aradaky gürrüňi bar. 17-nji iýulda edilen bu ýazgyda Russiýadan "Buk-M" ulgamynyň alnandygy barada gürrüň alnyp barylýar diýilýär.

17-nji iýulda ýazgy edilendigi aýdylýan beýleki bir söhbetde “Hmuryý” Donetskiň beýleki komandirleriniň biri bilen gürleşip, "Buk-M" ulgamyny mundan beýläk haýsy maksatlar bilen ulanmalydygyny maslahat edýär. “Hmuryý” agzalan zenit-raketa ulgamyny Ukrainanyň Perwomaýsk obasynyň golaýynda ýerleşdirmegi görkezme berýär.

Soňky söhbetleriň birinde “Hmuryý” Donetskiň beýleki bir komandirine "Buk-M" bize gowuşdy” diýýär. Ol: “Hudaýa şükür, irden "Buk-M" geldi we ýagdaýlar birneme gowulaşdy. Her niçik hem bolsa dartgynlylyk saklanyp galýar” diýýär.

17-nji iýulda SBU ýurduň gündogar sebitlerindei söweşijileriň uçary urandyklary baradaky çagyryşlarynyň audiosydygy aýdylýan ses ýazgysyny hem dünýä jemgyýetçiliginiň dykgatyna ýetirdi.

XS
SM
MD
LG