Sepleriň elýeterliligi

Türkmen ýaşlary internetde näme barada gürleşýärler?


Dyzynyň üstünde kompýuterli zenanyň buludyň üstünde oturan pursady.

Dyzynyň üstünde kompýuterli zenanyň buludyň üstünde oturan pursady.

Soňky ýyllarda, has takygy prezident G.Berdimuhamedow döwlet başyna geçeli bäri, Türkmenistanda neşe hem temmäki önümlerine garşy berk göreş alnyp barylýar.

Geçen ýylyň 25-nji dekabryndan başlap ýurtda köpçülik ýerlerinde çilim çekýänlere berilýän jerimäniň möçberiniň köpeldilmegine bu göreşde öňe ädilen ýene bir ädim hökmünde baha berse bolar.

“Ertir.com”

“Ertir.com” sosial ulgamynda Guga88 atly agza şu tema bilen baglanyşykly tema gozgapdyr. Ol öz temasynda: “Çilim bilen nasy gadagan edeni gowumy? Ýa köp hojalygy bulaýan aragy?..” diýen soragy goýýar. 12-nji iýulda gozgalan bu temada ýurtda temmäki önümlerine garşy alnyp barylýan göreşiň belli bir derejede gowudygy, ýöne munuň deregine arak, ýagny alkogolly içgiler gadagan edilse, onda Türkmenistanyň halkynyň saglygy, türkmen maşgalalarynyň agzybirligi üçin has ýerlikli bolardy diýen pikir orta atylýar.

Bu temanyň dowamynda jemgyýetçilik üçin örän möhüm bolan şeýle düýpli sorag goýulýar: “Indi şu ýerde ýene bir zat, arak (alkogolly içgiler) barada söz açasym gelýär. Biziň jemgyýetimize köp taraplaýyn zyýan ýetirýän arak hakda durup geçeliň. Muňa mysal gaty köp. Mysal üçin: Heý [bir adam] çilim çekip, ýa nas atyp, biri-biri bilen uruşdymy, ýa-da awto heläkçiligine uçradymy ýa çilim çekip, ýa nas atyp, maşgalasyny tozdurdymy ýa işden kowuldymy?.. Emma arak içip, şu zatlaryň hemmesiniň hem bolýandygyny sizem bilýänsiňiz. Şu ýagdaýlardan çen tutulsa, men-ä ilki aragy çäklendirmeli diýip pikir edýärin... Bu barada siziň pikiriňiz näme?”.

Bu temanyň aşagynda teswir ýazan agzalardan biri Sapar köse: “Spirtli içgileri ýok etmeli. Öndürmegi, satmagy gadagan etmeli. Neşäni, çilimi, nasy köp adamlar ulanmagy goýdular, aragam goýarlar. Neşe edýänler, ulanmagy goýdular, ölmediler. Arak içýänlerem ölesi ýok. Köp belaň başy - haram arak” diýip, gozgalan tema boýunça öz garaýşyny diýseň anyk beýan edipdir.

Aýaks atly beýleki bir agza bolsa: “Normany bilip içseň, ýaman zadam däl arak” diýip, bu meselede öz garaýşyny bildiripdir. Salyr atly agza hem: “Arak içip, ýol heläkçiligi bolýa diýip, aragy gadagan et, ýene-de ýol heläkçiligi bolýa diýip, maşyny gadagan etjekmi, soň aty, düýäni, soň eşegi gadagan etjekmi... Bir zat adama zyýan edýär diýip gadagan etmeli däl-de, meniň pikirimçe, şony dogry ulanmany öwretmeli” diýip, bu mesele boýunça öz şahsy pikirlerini umumyadamzat gymmatlyklary bilen utgaşdyryp, beýan edipdir.

Ýeri gelende aýtsam, bu tema 21-nji iýula çenli 754 sapar okalyp, 32 gezek hem halanypdyr we oňa jemi 55 sany teswir ýazylypdyr.

Twitter

Twitter sosial ulgamynda bolsa, käbir agzalar soňky hepdelerde Ysraýyl bilen Gaza zolagynyň arasynda dowam edýän çaknyşyklar barada öz garaýyşlaryny ýazypdyrlar. Olardan biri Azat Rahmanow atly agzadyr. Ol öz tweetinde: “Bu Ysraýyl ähli çagalary öldürse-de, öz köşgünde bir Musa ýaşajakdyr, arkaýyn boluň” diýip, öz pikirini bildiripdir.

Bu tweete gürrüňi edilýän ulgamyň Welmyrat atly agzasy bolsa: “Arkaýyn bolmaly däl-dä. Musany ibermek Allaň işi. Ibermänem biler” diýip, jogap beripdir. Gurban Berdiýew atly agza bolsa: “Ençeme Pygamberleri öldüren halk bular. Länetlenen millet” diýip, gozgalan tema bilen baglanyşykly öz garaýşyny gysgaça beýan edipdir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG