Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan: Ýedi adam barada derňewler tamamlandy


Täjigistanyň resmileri Merkezi Aziýanyň iň uly alýumin zawody – TALCO-da terrorçylykly hüjümleri amala aşyrmak barada gurnaldy diýilýän plan hakda derňewlerini tamamladylar.

Içeri işler ministrliginiň resmileri ýurduň günbataryndaky Tursunzade şäherinde ýerleşýän zawodda hüjümleri planlaşdyrmakda güman edilýän ýedi adam baradaky derňewleriň netijeleriniň Täjigistanyň Ýokary suduna geçirilendigini aýtdylar.

Tussag edilen şübhelileriň sud işiniň öňümizdäki günlerde yglan edilmegine garaşylýar. Täjigistanyň Içeri işler ministrligi şübhelileriň tussag edilendigi barada aprel aýynda mälim edipdi.

Adynyň efirde agzalmazlygyny soran TALCO-nyň işgärleriniň biri özüniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda şübhelileriň dördüsiniň gürrüňi gidýän zawodyň işgäridigini aýtdy.

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon agzalýan zawodyň dolandyrylyşyna hut özi gözegçilik edýär. Gürrüňi edilýän zawod Täjigistanyň iň uly industrial desgasy hasaplanylyp, onda takmynan 10 müň töweregi işçi işleýär.

XS
SM
MD
LG