Sepleriň elýeterliligi

Hytaý: Hüjümde bir çaga öldürildi


Hytaýyň günortasyndaky Guandun welaýatynda bir adam üç çagany pyçaklady. Hytaýyň döwlet “Xinhua” habar gullugynyň berýän maglumatyna görä, bu wakanyň netijesinde çagalaryň biri ölüpdir.

21-nji iýulda “Xinhua” habar gullugynyň Twitter sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda waka barada jikme-jik maglumat berilmeýär.

Hytaý çagalara edilýän ençeme pyçakly hüjümlerden ejir çekip gelýär. Şol hüjümleriň aglabasy mekdeplerde amala aşyrylýar.

Maý aýynda hem, Hytaýyň merkezindäki mekdepleriň birinde pyçakly adam birinji we ikinji synp okuwçyny ýaralapdy.

XS
SM
MD
LG