Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaza: BMG aladalanma bildirdi


Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşi Gazada adam ýitgileriniň artmagy bilen baglanyşykly aladalanma bildirip, harby hereketleriň togtadylmagy üçin çagyryş etdi.

BMG-niň baş sekretary Ban Ki-mun (Ban Ki-moon) Ysraýylyň hüjümleri netijesinde Gaza zolagynda onlarça palestinalynyň öldürilmegini “wahşy hereket” diýip ýazgarandan soň, 20-nji iýulda guramanyň howpsuzlyk geňeşi adatdan daşary ýygnagyny geçirdi.

Şeýle-de, Ban Katarda eden çykyşynda takmynan iki hepde bäri dowam edýän söweşleriň derhal togtadylmagy üçin çagyryş etdi. Bu çaknyşyklarda 500-den gowrak adam heläk boldy.

Gaza zolagy bilen Ysraýylyň arasyndaky söweşleriň 13-nji gününde, ýagny 20-nji iýulda bolan çaknyşyklarda 60-dan gowrak palestinaly we 13 sany ysraýylly esger öldürildi.

Bu aralykda Ysraýylyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi “Hamas” toparynyň ýaragly ganaty tarapyndan ysraýylly esgeriň alnyp gaçylandygy baradaky maglumatlary inkär etdi.

XS
SM
MD
LG