Sepleriň elýeterliligi

HAEG: Eýran ylalaşygy ýerine ýetirdi


Ýadro ýaragyna gözegçilik edýän synçylar Eýran baýlaşdyrylan uran gazynyň zapasyny ýok etdi diýýärler. Bu çäre geçen ýyl dünýäniň alty iri döwleti bilen Tähranyň arasynda gol goýlan wagtlaýyn ýadro ylalaşygyna laýyklykda amala aşdy.

Birleşen Milletler Guramasy bilen ýadro meseleleri babatda işleşýän Halkara atom energiýa gullugynyň (HAEG) raportynda Eýran ylalaşygyň şertlerini ýerine ýetirdi diýilýär. Gürrüňi gidýän bu ylalaşygyň möhleti 20-nji iýulda tamamlanýardy, emma geçen hepde onuň möhleti noýabr aýyna çenli uzaldyldy.

Bu ylalaşyga laýyklykda Tährandan uran gazyny baýlaşdyrmagyny 20%-e çenli azaltmaklyk we bu materialyň galan bölegini bolsa suwuklandyrmaklyk talap edilýärdi. Halkara atom energiýa gullugynyň raportynda Eýranyň bu talaplary ýerine ýetirendigi bellenilýär.

Geçen hepde Wenada Eýran we Hytaý, Russiýa, Germaniýa, Britaniýa, Fransiýa we Birleşen Ştatlar Tähranyň dawaly ýadro programmasynyň soňky ylalaşygy barada gepleşikleri geçirmegiň gününi kesgitlemek meselesinde şowsuz boldular.

XS
SM
MD
LG