Sepleriň elýeterliligi

Mustard Aşgabatda adam hukuklaryna üns berjek diýýär


Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky nobatdaky ilçisi hökmünde hödürlenen Allan P.Mustard, Türkmenistanda adam hukuklaryna üns berjekdigini aýtdy.

17-nji iýulda Birleşen Ştatlaryň Senatynyň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetiniň öňünde eden çykyşynda Mustard, Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine bellenen ýagdaýda bu ýurtda adam hukuklary, şol sanda adamlaryň hereket we söz azatlygynyň çäklendirilmegi, dini meseleleriň çakdanaşa çäklendirilmegi, esassyz tussag edilmeler we tussaglaryň gynamalara sezewar edilmegi ýaly meseleler boýunça işjeň iş alyp barjakdygyna wada berdi.

Şeýle-de, Mustard, “eger-de men bu wezipä bellenilsem, ähli ugurlar boýunça, hat-da ýokarda agzalan çylşyrymly meseleler boýunça Türkmenistanyň hökümeti bilen Birleşen Ştatlaryň arasynda konstruktiw dialogy saklamagy gazanaryn” diýýär.

XS
SM
MD
LG