Sepleriň elýeterliligi

Arzysyz syýahat menzilleri


Lebap welaýatyndaky Köýtendag jülgesi

Lebap welaýatyndaky Köýtendag jülgesi

Soňky ýyllar Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň mejlislerinde, şeýle-de resmi metbugatynda turizm, syýahatçylyk, «Awaza» syýahat zolagy, dünýä ölçeglerindäki myhmanhanalary gurmak, ýurda köp turist çekmek we beýlekiler barada kän gürrüň edilýär.

Döwlet eýeçiligindäki metbugatda çykýan resmi habarlardan çen tutulsa, Türkmenistanda esasan «Awaza» milli syýahat zonasyna uly üns berilýär we bu ýere uly döwlet çykdajylary edilýär.

Emma ikinji tarapdan, ýurduň Köýtendag, Köwata ýaly ozaldan belli bolan turist ýerlerine ýeterlik üns berilmeýändigi aýdylýar.

Eýsem ýurtda öňden belli we soňky döwürde halkara derejesinde gyzyklanma döredip başlan turist menzillerine gerekli ünsüň berilmezliginiň, olara ýeterlik maýa ýatyrylmazlygynyň, reklama kemliginiň sebäbi näme?

Azatlyk radiosy şu we beýleki soraglar bilen gyzyklanyp, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewi «Aktual gürrüň» gepleşigine çagyrdy.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG