Sepleriň elýeterliligi

Gazada ýene adam öldürildi


Palestin resmileri Ysraýylyň tapgyrlaýyn howa zarbalarynyň 22-nji iýulda Gaza zolagynda 22 adamy, şol sanda bir maşgaladan bäş adamy öldürendigini aýdýarlar.

Bu ýagdaý Ysraýylyň 8-nji iýulda başlan harby hüjüminden bäri öldürilen palestinalylaryň sanyny 580-den geçirdi.

Ysraýyl Hamazyň öz eýeleýän territoriýasyndan raketa atmagyny togtatamak isleýändigini aýdýar.

Palestin resmileri öldürilenleriň köpüsiniň asuda adamlardygyny aýdýarlar. Bu zorluk başlaly bäri Ysraýyl tarapdan 27 esger we 2 raýat öldürildi.

Ysraýylyň soňky zarbalary BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun bilen ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň 21-nji iýulda Kairde duşuşyp, bu zorlugy soňlamak ugrunda iň ýokary diplomatiki tagallalara başlan wagtyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG