Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede derňewçiler tutulýar


Türk resmileri dört hökümet ministriniň we olaryň garyndaşlarynyň korrupsiýa derňewi bilen ilteşikli polisiýa ofiserleriniň onlarçasyny tussag etdi.

22-nji iýuldaky çäre polisiýa ofiserleriniň 76-syny, ýa-da türk welaýatlarynyň 22-siniň öňki polisiýa işgärlerini öz içine alýar.

Tussag edilen ofiserleriň köpüsi şu ýylyň başyndaky hökümet arassalaýyşynda işlerinden boşadyldy.

Tussag edilenleriň içinde Stambulyň korrupsiýa garşy birleşmesiniň ozalky başlygy Omer Kose hem bar.

Döwlet eýeçiligindäki media 22-nji iýulda tutulanlaryň bikanun topar döretmekde, bikanun ses ýazmakda we galplykda güman edilýändigini ýazýar.

XS
SM
MD
LG