Sepleriň elýeterliligi

Kabulda daşary ýurtlular öldürildi


22-nji iýulda Kabulyň halkara aýeroportunyň golaýynda üç daşary ýurtly we olaryň owgan terjimeçisi janyndan geçen hüjümçiniň pidasy boldy.

Içeri işler ministriniň orunbasary general Mohammad Aýýub Salangi janyndan geçen bombaçynyň partlaýjyly motosikletini owgan hökümetiniň daşary ýurtly maslahatçylarynyň ýaşaýan jaýynyň girelgesine sürendigini aýdýar.

Bu hüjümde ýene alty adam ýaralandy. Öldürilenleriň milleti anyklanylmady. Hüjümiň jogapkärçiligini «Talyban» öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG