Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda 60 adam öldürildi


Resmiler Owganystanda aýry-aýry hüjümlerde azyndan 60 adamyň öldürilendigini aýdýarlar.

Demirgazykdaky Farýab welaýatynda, 18-nji iýuldan bäri hökümet güýçleri bilen «Talyban» jeňçileriniň arasynda söweş gidýän ýerde has kän adamyň öldürilendigi habar berilýär.

Welaýat häkimliginiň sözçüsi Ahmad Jawid Bedar 21-nji iýuldaky söweşde şu wagta çenli 8 polisiýa işgäriniň, azyndan 15 jeňçiniň öldürilendigini aýtdy.

Bedar atyşygyň 300-den gowrak talyban jeňçisi polisiýa bölümine çozandan soň başlanandygyny aýtdy.

Şu aralykda Helmand welaýatynda bir raýat we bir polisiýa wekili janyndan geçen bombaçynyň pidasy boldy.

Soňky 24 sagatda Host, Kandahar, Helmand, Parwan welaýatlarynda geçirilen harby operasiýalarda 31 jeňçiniň öldürilendigi aýdylýar.

Goranmak ministrligi ýol ýakasynda goýlan bombanyň hem üç esgeri öldürendigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG