Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gazak studenti günäli tapyldy


Boston marafonynda bolan partlamalarda güman edilýän Johar Sarnaýewiň student ýoldaşy 21-nji iýulda partlamalaryň derňewine kynçylyk döretmekde günäli tapyldy.

Gazagystanly student Azamat Tažaýakow kanunçylyga päsgel döretmekde we dildüwşükde günälendi.

Žýuri Tažaýakowy, dosty Diaz Kadyrbaýew bilen dilleşip, 2013-nji ýyldaky partlamadan birnäçe gün soň Sarnaýewiň otagyndaky feýerwerkli goşhaltany alyp, onuň içini partlaýjy därilerden boşatmakda günäli tapdy.

Prokurorlar we aklawçylar zatlary zyňanyň hakykatda Kadyrbaýew bolandygyny aýtdylar. Emma prokurorlar Tažaýakowyň bu plan bilen ylalaşyndygyny we ony amala aşyrmakda aktiw rol oýnandygyny öňe sürdiler.

Bostonda bolan marafon partlamasynda üç adam ölüp, 260-dan gowrak adam ýaralanypdy. 20 ýaşly Tažaýakowa, kanunçylyga päsgel bereni üçin, maksimum 20 ýyl, dildüwşük üçin bolsa bäş ýyl türme tussaglygy garaşýar.

XS
SM
MD
LG