Sepleriň elýeterliligi

BMG uçar ýykylmagyny ýazgarýar


BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi gündogar Ukrainada Malaýziýanyň üsti 298 adamly ýolagçy uçarynyň ýykylmagyny biragyzdan ýazgarýan rezolýusiýany kabul etdi we ýaragly toparlaryň hadysanyň bolan ýerine howpsuz, doly we çäklendirmesiz ýol açmagyny talap etdi.

Geňeş Awstraliýa tarapyndan teklip edilen çäräni 21-nji iýulda sese goýdy. Ses berişlikden öň Orsýet bilen intensiw gepleşik geçirildi we rezolýusiýany goldamagy üçin basyş edildi.

Şeýle-de rezolýusiýa uçaryň ýykylan ýerine barmaga päsgelçiliksiz şert döredilmegini we günäkärleriň jogapkärçilige çekilmegini talap etdi.

Birleşen Ştatlar we onuň ýaranlary uçaryň ýykylmagynda orsýetçi separatistleri günälediler.

XS
SM
MD
LG