Sepleriň elýeterliligi

Gara gutular tabşyryldy


Gündogar Ukrainadaky orsýetçi gozgalaňçylar Malaýziýanyň ýykylan uçaryndan tapylan iki gara gutyny malaýziýa ekspertlerine gowşurdylar.

Separatist lideri Aleksandr Borodai 22-nji iýul säheri Donetskde uçuş maglumatlarynyň ýazgysyny hem gowşurdy.

"Ynha olar, şol gara gutular" diýip, Borodai özüniň öz-özüni jar eden «Donetsk halk halk respublikasynyň» ofisinde žurnalistlerden doly otagda, ýaragly bir pitneçi gutulary stoluň üstünde goýanda aýtdy.

Iki tarap hem dokumente gol çekdi. Malaýziýanyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň polkownigi Mohamed Sakri gara gutularyň «gowy ýagdaýdadygyny» aýtdy.

Ol gutularyň birinde uçar sürijiniň eden ähli gürrüňiniň ýazgysy, beýlekisinde uçuş maglumatlarynyň ýazgysy bolmaly.

XS
SM
MD
LG