Sepleriň elýeterliligi

Zibile çümen Gurtly


Kölüň islendik ýerinde diýen ýaly zir-zibile duşmak bolýar.

Kölüň islendik ýerinde diýen ýaly zir-zibile duşmak bolýar.

Amyderýanyň suwy Garagum kanaly boýunça paýtagta gelende, 1962-nji ýylda döredilen bu suw howdany Gurtly köli ady bilen tanalýar. Bu köl öň paýtagtlylaryň höwes bilen dynç alýan ýeridi. Gurtly kölüniň kenary tomus aýlary köp adamlydy. Gurtly kölünde baýdarka we sportuň beýleki suw görnüşleri boýunça ýaryşlardyr türgenleşikler geçirilýärdi. Dynç almaga gelenler Gurtly kölündäki gaýyk stansiýasyndan gaýyklary, katamaranlary kireýine alyp, köluň suwunda gyzykly gezelenç edip bilýärdiler.

Häzir bir döwür aşgabatlylaryň tomus aýlarynda suwa düşmäge, dynç almaga höwes bilen gelen ýeri bolan, Aşgabadyň merkezinden takmynan 10 kilometr uzaklykdaky Gurtly kölündäki öňki oňaýly kenardan, plýaždan hiç hili nam-nyşan galmandyr. Ol plýažyň hatda bassyrmasy-da kesilip aýrylypdyr. Plýažyň ýerleşen ýerini bolsa indi gamyşlyk tutupdyr.

Kölüň suwy hem çekilipdir. Gurtly kölüniň gaýyk we katamaran kireýine alynýan ýerinde indi öň bu kenarda dynç alýanlara hatda şeýle hyzmatyň edilendigini ýatladýan alamat hem ýok. Diňe suwuň içine gidýän beton basgançak galypdyr. Gurtly kölüniň daş-töwereginde dynç almak üçin binalardyr jaýlar hem galmandyr.

Ýogsa, bu kölüň daş-töwereginde bir wagtlar daçalardyr, dynç almak üçin ençeme binalar gurlupdy. Döwlet edaralarynyň daçalary bilen bir hatarda hususy daçalaryň hem köp bolandygyny käbir paýtagtlylar ýatlaýarlar. Häzir diňe olaryň fundamentleriniň yzy galypdyr.

"Ýabany plýaž"

Emma kölüň dynç alyş infrastrukturasynyň dolulygyna diýen ýaly ýumrulandygyna garamazdan, bu köle suwa düşmäge gelýän paýtagtlylar we onuň myhmanlary az däl. Olar, esasan, kölüň “dikiý plýaž” ýa-da “ýabany plýaž” diýip atlandyrylýan ýerinde suwa düşýärler.

Gurtly kölüniň bu “ýabany plýažynda” hem dynç alýanlar üçin hiç hili amatlyklar ýok. Hiç hili edara ýa gurama tarapyndan düzgünleşdirilmeýän bu kenarda ne plýažlara mahsus aýmançalar bar, ne-de gark bolýanlary halas edýän halas ediş nokatlary bar.

Hatda bu kölde suwa düşmegiň howplydygy ýa-da howpsuzdygy hem näbelli. Sebäbi kölüň öňki plýažynyň ýerleşen ýerinde suwa düşmegiň gadagandygy aýdylýan bolsa-da, bu ýerde şonuň ýaly ýazgy goýulmandyr.

Zir-zibil

Ýeri gelende aýtsak, kölüň islendik ýerinde diýen ýaly zir-zibile duşmak bolýar. Käbir ýerlerinde beton bölekleri, kerpiç, şifr ýaly gurluşyk materiallarynyň zir-zibilleri üýşüp ýatan bolsa, beýleki ýerlerde dynç alýanlaryň öz yzlarynda galdyrýan plastik çüýşeleri, paketleri pytraşyp ýatyr.

Kölüň arassaçylygyna gözegçilik edilmeýär. Zir-zibili aýyrýan ýörite işgärler ýok. Zir-zibil zyňylýan çelekler hem goýulmandyr. Bu plýaža dynç almaga gelýänler zir-zibilli suwda suwa düşýärler, zir-zibiliň arasynda oturyp, öz ýanlary bilen getiren naharlaryny iýýärler.

Bu ýerde hatda ýekeje dükan-da ýok. Awtobus ýa-da beýleki jemgyýetçilik transporty hem gatnamaýar. Bu ýere her kim öz ulagy bilen gelýär. Gurtly kölüniň öňki plýažyndan “ýabany” plýažyna çenli ýolam ýok.

Bu hili “ýabany” plýažlar kölüň beýleki käbir ýerlerinde hem bar. Mysal üçin, öňki döwlet edaralarynyň daçalarynyň hem-de öňler kireýine gaýyk berilýän stansiýanyň ýerleşen ýerlerinde şunuň ýaly ýagdaýa duş gelmek bolýar. Umuman, häzirki wagtda Gurtly kölünde diňe “ýabany” plýažlar bar.

"Ikinji Awaza"

Ýogsa, bu köl Aşgabadyň Awazasy bolmaly hem diýilýärdi. 2009-njy ýylyň noýabr aýynda geçirilen hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Suw hojalyk pudagyna gözegçilik edýän şol wagtky wise-premýer Myratgeldi Akmämmedowa Gurtly kölünde düýpli abadanlaşdyryş işlerini geçirmegi tabşyrypdy.

Şonda kölüň daş-töwereklerini abadanlaşdyrmak işleriniň çäklerinde kölüň daş-töwerekleri arassalanyp, onuň kenarlary berkidilmelidi. Plýažlar gurulmalydy. Kölüň töwereginde ýerleşen döwlet edaralarynyň dynç alyş kottejleri düýpli abadanlaşdyrylmalydy. Bu hili kottejleriň täzeleri hem gurulmalydy.

Iki sany akwaparkyň gurluşygy hem Gurtly kölüniň göz öňünde tutulan bu abadanlaşdyryş proýekti 2011-nji ýylyň tomsunda tamamlanmalydy.

Şondan bäri üç ýyl geçdi. Üýtgän zat ýok. Mundan başga-da üç ýyl mundan ozal Gurtly kölüni düýpli abadanlaşdyrmak baradaky VINCI fransuz kompaniýasynyň proýektine garalýandygy baradaky maglumatlar hem peýda boldy.

Emma Gurtly kölüniň häzirki ýagdaýyndan çen tutsaň, bu ugurda edilýän iş ýok. Tersine, bu kölüň ýagdaýy ýyl-ýyldan ýaramazlaşýar. Kölüň kenarlarynda dynç alýanlaryň zyňýan zir-zibilleri köpelýär. Kölüň özüni bolsa gamyş basyp barýar.

Gurtly köli 1962-nji ýylda öňki batgalyk bolup ýatan oýluk ýerde gurulýar. Onuň tutýan meýdany 11 kwadrat kilometr.

XS
SM
MD
LG