Sepleriň elýeterliligi

ÝB: Russiýa garşy täze sanksiýalar geňeşilýär


ÝB-niň baýdagy

ÝB-niň baýdagy

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri Brýusselde duşuşyp, Malaýziýanyň uçarynyň urlup ýykylmagy bilen baglylykda, Russiýanyň garşysyna goşmaça sanksiýalary girizmek meselesine gararlar.

ABŞ-nyň we ÝB-niň resmileri uçaryň orsýetparaz separatistler tarapyndan urlup ýykylandygyna güwä geçýän delilleriň köpelýändigini aýdýarlar. Şol wakada uçaryň bortundaky 298 adamyň ählisi heläk boldy.

21-nji iýul giçlik BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi açyk ses berlişik arkaly uçaryň urlup ýykylmagyny ýazgarýan rezolýusiýany kabul etdi. Şeýle-de Geňeş degişli taraplary heläkçiligiň bolan ýerine halkara synçylarynyň baryp bilmegi üçin zerur bolan ähli şertleri döretmäge çagyrdy.

21-nji iýulda separatistler uçaryň iki sany gara gutujygyny Malaýziýadan gelen resmi delegasiýanyň wekillerine tabşyrdylar. Mundan öň olar halkara synçylarynyň uçar heläkçiliginiň bolan ýerine baryp görmegine birnäçe günläp päsgelçilik döretdiler.

Separatistler uçarda heläk bolan 282 adamyň jesedini otly bilen Harkowa ugratmaga hem razylyk berdiler. Otly Harkowa şu gün günortanlar geldi.

Ol ýerden jesetler “Malaýziýa howaýollarynyň” uçarynyň MH17 ugry bilen uçup gaýdan şäheri – Amsterdema, ýagny Gollandiýanyň paýtagtyna ýollanylar.

“Aýgytlaýjy pursat”

Awstraliýanyň premýer-ministri Tony Abbott heläkçiligiň bolan sebitiniň “professional derejede” özgerdilendigini belläp, Orsýet tarapyndan uçar heläkçiligine degişli bolan möhüm faktlary ýygşyrmak synanşygynyň edilendigini ýaňzytdy.

Ol: “Jenaýatdan soň, ony ýaşyrmak synanyşyklary bolýar. Biz delilleriň professional derejedäki inçelik bilen üýtgedilýändigini görýäris. Bu [synanyşyklar] hökmany duruzylmaly” diýdi.

Britaniýanyň premýer-ministri Dawid Kameron ÝB-niň daşary işler ministrleriniň maslahatyndan öň çykyş edip, uçaryň urlup ýykylmagynyň Moskwa üçin “aýgytlaýjy pursat” bolandygyny aýtdy.

Kameron Ukraina babatynda Russiýanyň hereketlerinde “düýpli” özgerişler bolýança, Orsýetiň garşysyna has berk sanksiýalary girizmäge çagyrdy.

ÝB-niň daşary işler boýunça baştutany Katerine Aşton ministrleriň Malaýziýanyň uçarynyň urlup ýykylmagy bilen bagly çäreleri maslahat etjekdiklerini, emma goşmaça sanksiýalaryň girizilmejekdigini mälim etdi.

Häzirki wagtda ÝB entek uçar urlup ýykylmanka, ýagny Moskwa garşy 17 iýulda ylalaşylan sanksiýalaryň üstünde işleýär.

Moskwada Putin bu krizis bilen baglylykda ýurduň Milli hopwsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirýär.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama we Polşanyň prezidenti Bronislaw Komorowski 21-nji iýulda geçiren özara telefon söhbetdeşliginde uçar heläkçiliginden soň Ýewropada goranmak pudagyna has köp maliýe serişdelerini goýbermek barada gürrüň etdiler.

XS
SM
MD
LG