Sepleriň elýeterliligi

Astana: Ýaşaýjylar protest geçirdiler


Gazagystanda birnäçe zenan we olaryň çagalary gazak hökümeti tarapyndan emläkleriniň konfiskasiýa edilmegine garşy demonstrasiýa geçirdiler.

Protestçiler 23-nji iýulda gazak paýtagty Astana şäherindäki prezidentlik edarasynyň öňüne ýygnanyp, prezidentlik edarasynyň başlygy Nurlan Nygmatulin bilen duşuşmagy talap etdiler.

Şondan soň, protestçileriň gürrüňi gidýän edara jaýyna girmegine rugsat berildi we olar käbir gazak resmileri bilen duşuşdylar.

Zenanlar özlerine Nygmatulin bilen duşuşmaga rugsat berilmese, gazak resmilerine Oraza aýynyň Gadyr gijesinde binanyň öňünde oturjakdyklaryny aýtdylar.

Protestçiler şuňa meňzeş demonstrasiýalary mundan öň hem geçiripdiler.

Protest geçiren zenanlar “döwlet zerurlyklary” diýip, ýerli resmileriň yzygiderli ilatyň ýerini konfiskasiýa edýändigini we munuň garşylygynda raýatlara ujypsyz möçberde ýa-da asla kompensasiýa berilmeýändigini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG