Sepleriň elýeterliligi

Bişkek: Nigeriýaly keselhana äkidildi


Yssy kölüň golaýyndaky gyrgyz kurortunda asly nigeriýaly bir adam nämälim hüjümçi tarapyndan atylandan soň, keselhana ýerleşdirildi.

Yssy kölüň regional polisiýasynyň metbugat wekili Stalbek Usubakunowyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, bu waka 22-nji iýulda Çolpan-Ata şäherçesiniň golaýyndaky kurortda bolupdyr.

Ady köpçülige mälim edilmedik nigeriýaly adam häzirki wagt Bişkegiň keselhanasynda saglyk bejergisini alýar.

Bu waka bilen baglanyşykly ýerli polisiýa derňewleri başlatdy.

Yssy köl göwrümi boýunça dünýäniň iň uly 10-njy kölüdir. Bu köl meşhur dynç alyş kurortlaryň biri hasaplanýar.

XS
SM
MD
LG