Sepleriň elýeterliligi

BMG: Gazada uruş jenaýatlary bolmagy mümkin


Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça başlygy Ysraýyl “Hamas” toparynyň söweşijilerine garşy harby hüjümlerini dowam etdirýän mahaly, Gazada uruş jenaýatlaryny amala aşyrýan bolmagy mümkin diýdi.

23-nji iýulda Ženewada BMG-niň Adam hukuklary geňeşiniň adatdan daşary ýygnagynda eden çykyşynda Pillaý, Gazada Ysraýyl güýçleri tarapyndan öýleriň ýumrulmagyny we çagalaryň öldürilmegini ýazgardy.

Pillaý “ol ýerde uruş jenaýaty bolup biläýjek möçberde halkara kanunlarynyň bozulýandygy barada güýçli çaklamalar bar ýaly görünýär” diýdi.

Şeýle-de, ol “Hamas” toparynyň söweşijileri tarapyndan Ysraýyla atylýan raketalary we minomýotlary hem ýazgardy.

Soňky iki hepde bäri Gaza zolagy bilen Ysraýylyň arasynda bolýan çaknyşyklarda 600-den gowrak palestinaly we 29 ysraýylly öldürildi.

XS
SM
MD
LG