Sepleriň elýeterliligi

Kiýew: Poroşenko kanuna gol goýdy


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko ýurduň parlamentiniň düzgünleri baradaky kanuna üýtgetmeleri girizýän resminama gol goýdy. Kanuna girizilen bu üýtgetme parlamentiň spikerine, ýagny başlygyna parlament fraksiýalaryny dargatmaga rugsat berýär.

Poroşenkonyň metbugat sekretary Swýatoslaw Tsehonow Twitter sosial ulgamynda ýazan maglumatynda gürrüňi edilýän kanuna 22-nji iýulda gol goýuldy diýdi.

Ukrain parlamenti şol güni ir bilen kanuny kabul edipdi.

Gürrüňi edilýän kanun parlamentiň başlygyna iň az agzasy bolan fraksiýany dargatmaga hukuk berýär.

Bu aralykda, Ukrainanyň Kommunistik partiýasynyň gadagan edilmegi baradaky sud diňlenişigine Kiýew etrap Administratiw sudunyň 24-nji iýulda başlamagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG