Sepleriň elýeterliligi

MH17: Jesetler Ukrainadan ugradylýar


Ukrainada urlup ýykylan Malaýziýa uçarynda pida bolanlaryň ilkinji jesetleri Niderlandlara ugradyldy. Şol wakada heläk bolan takmynan 50 adamyň jesediniň 23-nji iýulda Harkiw aeroportunda geçirilen dabaradan soň, Aýndhowen howa bazasyna barmagyna garaşylýar.

Harkiwde geçirilen dabarada Ukrainanyň premýer-ministriniň orunbasary Wolodimir Groýsman uçaryň urlup ýykylmagy Russiýanyň kömegi bilen amala aşyrylan “rehimsiz terrorçylykly hereket” diýdi.

17-nji iýulda “Malaýziýa howaýollaryna” degişli MH17 gatnaw ugurly ýolagçy uçary urlup ýykylanda 298 ýolagçynyň we ekipaž agzalarynyň ählisi heläk boldy.

Pida bolan şol ýolagçylaryň 193 sanysy gollandiýaly bolup, Niderlandlar olaryň hatyrasyna ýas güni yglan etdi.

Uçaryň gaçyrylan ýerinden ele salnan ähli jesetleriň 25-nji iýula çenli Niderlandlara ugradylmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG