Sepleriň elýeterliligi

Russiýa: Dikuçar heläkçiligi boldy


Russiýanyň uzak gündogaryndaky Kamçatka ýarymadasynda bolan dikuçar heläkçiliginde azyndan bir adamyň ölendigi habar berilýär.

Ýerli polisiýa Kamçatkanyň Karaga etrabyndaky Iwaşka obasynyň golaýynda hususy dikuçaryň heläkçilige uçrandygyny aýdýar.

Maglumatlarda ýurduň halas ediş işgärleriniň wakanyň bolan ýerine barandygy we dikuçardaky ýolagçylaryň sanyny kesgitlemäge synanyşýandygy habar berilýär.

Bu waka barada henize çenli goşmaça maglumat berilmedi.

XS
SM
MD
LG