Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pidalaryň jesetleri Niderlandiýa ugradylýar


23-nji iýulda Harkow aeroportundan hormat bilen ugradylan elli çemesi pidanyň jesediniň Eindhowen howa bazasyna eltilmegine garaşylýar.
23-nji iýulda Harkow aeroportundan hormat bilen ugradylan elli çemesi pidanyň jesediniň Eindhowen howa bazasyna eltilmegine garaşylýar.

Malaýziýanyň ýykylan uçarynda heläk bolan ýolagçylaryň jesetleriniň ilkinji tapgyry Ukrainadan Niderlandiýa ugradyldy.

23-nji iýulda Harkow aeroportundan hormat bilen ugradylan elli çemesi pidanyň jesediniň Eindhowen howa bazasyna eltilmegine garaşylýar.

Ukrainanyň premýer-ministriniň orunbasary Wolodymyr Groysman Harkowda bolan ugradyş dabarasynda uçaryň urlup ýykylmagyny Orsýetiň kömegi bilen amala aşyrylan "ynsançylyga sygmaýan terror akty» diýip atlandyrdy.

Malaýziýa Howaýollarynyň 17-nji iýulda heläkçilige uçran MH17 uçarynyň üstündäki 298 adamyň hemmesi wepat boldy.

Birleşen Ştatlaryň resmileri bu uçaryň Orsýet tarapyndan goldalýan separatistler tarapyndan urlup ýykylan bolmagynyň ahmaldygyny aýtdylar.
Niderlandiýa pidalaryň hormatyna ýa gününi yglan etdi, uçarda wepat bolanlaryň 193-si niderlandiýalydy.

"Meýdanda näçe jesediň galany belli däl"

Uçaryň ýykylan ýerinden tapylan jesetleriň ählisiniň 25-nji iýula çenli Niderlandiýa ugradylmagyna garaşylýar.Awstraliýanyň premýer-ministri Toni Ebbot (Tony Abbott) uçaryň ýykylan ýerinde, separatistleriň kontrolluk edýän territoriýasynda, açyk meýdanda näçe jesediň galandygy aýdyň däl diýdi.

Niderland resmileri 22-nji iýulda, separatistler hökümet kontrollugyndaky şähere geçirmäge rugsat berenlerinden soň, sowadyjyly otly wagonlarynda Harkowa getirilen jesetleriň 200 çemesi bolandygyny aýtdylar.

Britan hökümeti ýykylan uçaryň uçuş maglumatlaryny ýazan iki rekorderiň, ekspert derňewleri üçin, britan derňewçilerine berlendigini tassyk etdi.
Separatistler, birnäçe gün saklanlaryndan soň, gara gutulary ekspertlere berdiler.

Subutnamalar ýoýulýar

Separatistler, halkara derňewçiler tarapyndan, delilleri ýoýmakda hem günälendi.

Habarlarda aýdylmagyna görä, uçar galyndylarynyň käbir bölekleri agyr enjamlar bilen ýerinden gozgalypdyr, käbirleri bolsa kesilip, böleklere bölünipdir.
Birleşen Ştatlaryň resmileri 22-nji iýulda Malaýziýanyň uçarynyň separatistler tarapyndan, ýalňyşlyk bilen urlana meňzeýändigini aýtdylar.
Resmiler bu işe Orsýetiň gönüden-göni baglanyşygynyň tapylmandygyny aýtdylar.

Resmiler bu uçaryň «SA-11» ýer-howa raketasy bilen, pitneçiler tarapyndan urlup ýykylana çalym edýändigini aýtdylar.
Emma olar, häzirlikçe bu işiň Kremle dahyllydygyny görkezýän göni delil tapylmasa-da, Orsýetiň bu uçaryň ýykylmagy üçin şert döredendigini bellediler.
Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri 22-nji iýulda, Malaýziýanyň ýolagçy uçary ýykylandan soň, Orsýete garşy sanksiýalary giňeltmek ylalaşygyna geldiler.

Ýene iki uçar uruldy

Şu arada orsýetçi separatistleriň ýurduň gündogarynda Ukrainanyň iki söweş uçaryny urup ýykandygy barada habar ýaýrady. Bu uçarlaryň sürüjileriniň ykbalynyň belli däldigi aýdylýar.

Ukrainanyň «Suhoý» uçarynyň 23-nji iýulda Snižne şäheriniň golaýynda ýykylandygy aýdylýar. Separatistler 23-nji iýulda irden Snižne şäheriniň ýanynda bir «SU-25» uçaryny ýykandyklaryny aýtdylar. Olar ikinji uçaryň hem urlandygyny, oňa zyýan ýetendigini, emma onuň uçup gidendigini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG