Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Közden ot dörär…


Ýalyn
Ýalyn

Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyradyň ýazan goşgusy.

Pelek uzadanda bije çöplerin,
Jontuk çykan ýaly silkip çekeni…
Başga-da barmyka beýle geň millet:
Güýç görmese atdan düşmez ekeni.

Ha ýalan gep bolsun, ha-da hakykat,
Ikisinem gülki bilen ýeňermiş.
Ýetim deý göbegin kesermiş özi,
Hemem özi aglap, özi diňermiş.

Islän tarapyna süýndürip bolsa,
Kanunlaryň ne parhy bar rezinden!
Halallygyň ne haýry bar millete,
Ejir çekse hökümetden, režimden?

Eýsem, halkyň günäsimi – päkligi?
Olam derkar halkyň diňe özüne.
Häzirlikçe üns berýän ýok milletiň
Kül astynda köräp ýatan közüne.

Bir gün kül serpiler – külden ot dörär:
Dünýäň ýangyn södüriji maşyny
Ejiz geler öçürerden ol ody –
Alaw ýuwdar öňki-soňky "başyny".

Şeýle gymmat belent kürsiň bahasy,
Diňe millet üçin jinnek nyrhy ýok.
Adam bary çagasyna nan tapsa,
Hol ýokarda kim otursyn – parhy ýok.

Ilat dilemese, ogurlamasa,
Hemem çeýnemese minnetli çöpi,
Islendik hem islenmedik ýüzlere
Lowladyp bilmese ýangynly gepi,

Öz toýuna garaşar ol diş gysyp,
Atdan düşäýse-de, eşege münmez.
Boş bolsa-da garyp saçak – boş bolmaz
Boş söz wada berýän ol belent münber.

Ömrüň bary-ýogy iki şerti bar,
Ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa bilmeli:
Ýa-ha pugta düwülmeli ýumrugyň,
Ýa eliň aýasy açyk bolmaly.

Bu merdemsi millet el seren däldir,
Ýumruk bolsa düwülendir bireýýäm.
Bu mekan mätäç däl kasama, anta –
Ýuwaşrak gepleýän, gatyrak söýýän.

07.06.2007 ý.

XS
SM
MD
LG