Sepleriň elýeterliligi

Bolgariýanyň PM-i işden çekilýär


Bolgariýanyň premýer-ministri Plamen Oreşarskiý ýurduň irki saýlawlaryndan öň, aýlap dowam eden syýasy bulaşyklygy soňlamak umydy bilen, öz hökümetiniň işden çekilmegi barada arza berdi.

Bolgar parlamentiniň metbugat gullugynyň 23-nji iýulda çap eden beýanatynda işden çekilmek arzasynyň berlendigi tassyk edildi.

Parlamentiň ony 24-nji iýulda tassyklamagyna garaşylýar. Bu ýurtda 18 aýda dargaýan ikinji hökümetdir.

Oreşarskiniň hökümeti bir topar problema, şol sanda korrupsiýa garşy köçe protestleri, heläkçilikli sil we bank krizisi bilen ýüzbe-ýüz boldy.

XS
SM
MD
LG