Sepleriň elýeterliligi

BMG: 'Garyplaşma peselýär'


BMG-nyň Ösüş programmasy öz ýyllyk hasabatynda garyplygyň peselýändigini aýdýar. Ýöne muňa garamazdan, dünýäde 2.2 milliard çemesi adam şindem garyp ýa-da garyplyga ýakyn ýagdaýda ýaşaýar.

BMG-niň Ösüş programmasy dünýäniň 187 ýurduna bilim, girdeji, adamlaryň saglygy we ömür dowamlylygy, şahsy howpsuzlyk boýunça dereje beripdir.

Ýokary dereje alan ýurtlaryň arasynda Norwegiýa, Awstraliýa, Şweýsariýa, Niderlandiýa, Birleşen Ştatlar bar. Iň pes dereje alan ýurtlara Merkezi Afrika respublikasy, Kongo we Niger girýär.

Belarus sanawda 53-nji, Orsýet -57, Gazagystan 70-nji bolupdyr. Şeýle-de Gazagystan özüni öldürýänleriň köp ýurdunyň sanawyna girizilipdir.

Türkmenistan sanawda 103-nji bolup, Özbegistan – 116, Owganystan bolsa 169-njy orunda ýerleşdirilipdir.

XS
SM
MD
LG