Sepleriň elýeterliligi

Yrakda täze prezident saýlanýar


Parlamentdäki esasy kürt bileleşikleri 24-nji iýulda ylalaşyga gelenlerinden soň, weteran kürt syýasatçysy Fuad Masum Yragyň indiki prezidenti saýlandy.

2003-nji ýylda Saddam Hüseýin prezidentlikden çetleşdirileli bäri dowam edýän näresmi ylalaşyga görä, Yragyň prezidentiniň wezipesi kürtlere berilýär.

Masum, aýdylmagyna görä, Bagdat myhmanhanasynda ýapyk gapylaryň arkasynda bolan ses berişlikde öz bäsdeşi Barham Salyhden öňe saýlandy.

76 ýaşyndaky Masum häzirki prezident Jalal Talabaniniň Kürdüstan watançylyk bileleşigi partiýasynyň agzasydyr.

XS
SM
MD
LG