Sepleriň elýeterliligi

Araçylar alada bildirýär


Dagly-Garabag konfliktiniň halkara araçylary sebitde zorlugyň we dartgynlylygyň ýokarlanmagyndan, şol sanda asuda adamlaryň nyşana alynmagyndan çynlakaý alada bildirdiler.

ÝHHG-nyň Minsk toparynyň rus, fransuz we amerikan wekilleri şu hepdäniň başynda Ermenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri bilen aýrylykda duşuşyk geçirdiler.

Minsk topary Azerbaýjanda esasan ermenileriň ýaşaýan ýeri bolan Dagly -Garabag koflikti boýunça Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda ylalaşyk döretmäge synanýar.

Ermenistan we Azerbaýjan Garabaga kontrolluk etmek meselesinde oňuşmaýar. Bu ýer 1990-njy ýylyň başynda ermeni goşunlary tarapyndan Azerbaýjandan güýç bilen alyndy.

Araçylar 23-nji iýulda Wenada duşuşyp, taraplary adam pidalaryndan gaça durmaga, obalary we asuda ilaty bilkastdan nyşana almazlyga çagyrdylar.

XS
SM
MD
LG