Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awstraliýa ofiser ibermäge taýýar


Awstraliýa Londona 50 sany polisiýa ofiserini iberdi, olar BMG-niň toparynyň bir bölegi bolup, Malaýziýanyň ýolagçy uçarynyň ýykylan ýeriniň goragyny üpjün etmäge gitmeli.

Premýer-ministr Toni Ebbot Awstraliýanyň we Niderlandiýanyň daşary işler ministrleriniň 24-nji iýulda Kiýewe baryp, bu ýerde köpmilletli polisiýa güýçleriniň ýerleşdirilmegine rugsat berilmegi barada gepleşik geçirjegini aýtdy.

Ebbot uçaryň ýykylan ýeriniň goragyny berkitmek zerurlygy barada ukrain prezidenti Petro Poroşenko we rus prezidenti Wladimir Putin bilen hem gürleşdi.

Gündogar Ukrainada, pitneçileriň kontrolluk edýän ýerine ýykylan uçardaky 298 adamyň arasynda 39 awstraliýaly bardy.

XS
SM
MD
LG