Sepleriň elýeterliligi

Mosul: Hristianlaryň asyrlyk jemgyýeti howpda


Yragyň yslamçy ekstremistleriniň Mosulyň hristian jemgyýetini bu ýerden kowup çykarýandygy habar berilýär.

Yragyň yslamçy ekstremistleriniň Mosulyň hristian jemgyýetini bu ýerden kowup çykarýandygy habar berilýär.

18-nji iýulda yslamçy ekstremistleriň Mosulyň hristian jemgyýetini bu ýerden kowup çykarmagy bilen, hristain ilatynyň Yragyň iň uly ikinji şäherindäki 2 müň ýyllyk ýaşaýşynyň soňy geldi.

Bu şäher ilkinji gezek biziň eramyzyň I we II asyrlarynda ol entek Nineweh ady bilen tanalýan mahaly hristianlaşdyrylypdy. Şol döwürler bu şäher gadymy Assiriýa imperiýasy - Messopotamiýanyň paýtagty bolupdy. Bu VII asyrda musulman goşunlary bu şäheri basyp almazyndan has öňki döwürlere degişli taryh.

Musulman basybalyşlarynyň ýörişlerinden soňra şäheriň ýaşaýjylarynyň köpçüligi musulmanlardan ybarat boldy. Emma her halda ençeme asyrlap bu şäher onlarça ybadathanalaryň we buthanalaryň, şeýle-de gadymy Töwrat pygamberi Ýunusyň mazarynyň ýerleşýän ýeri bolup galdy.

“Yrak yslam döwleti we Lewant” ady bilen tanalýan “Yslam döwleti” atly ýaragly ekstremistik topar şu aýda Mosulyň hristian jemgyýetiniň birnäçe müň maşgalasyna yslam dinine geçmegi teklip edip, ýogsa hristian dinine uýýandyklary üçin salgyt tölemeli boljakdyklaryny we bu talap ýerine ýetirilmese, onda olaryň asylyp öldüriljekdigini aýdyp, degişli buýruk çykaransoň, tutuş hristian jemgyýetiniň bu sebiti köpçülikleýin terk edendigi habar berilýär.

Häzirki wagtda olar Mosulyň töweregindäki Nineweh şäheriniň eteklerindäki kiçi şäherçeleri we obalary özlerine gonalga edindiler ýa-da goňşy awtonom Kürt regionyndan gaçybatalga soradylar.

“Yragyň taryhynda ilkinji gezek Mosul şäheri hristianlardan boşap galdy” diýip, Bagdatda ýerleşýän Wawilonyň haldeý katolik patriarhy Luiz Rafael Sako (Louis Raphael Sako) 19-njy iýulda habarçylara beren maglumatynda belledi.

Gürrüňi gidýän sebitden gaçanlaryň arasynda ençeme dürli buthanalara degişli assiriýaly we arap hristianlary bar.

Assiriýaly hristianlaryň azlygy Gündogar Assiriýa buthanasyna degişli bolup, olaryň köpçüligi bolsa haldeý katolik buthanasyna, Siriýanyň katolik buthanasyna we Siriýanyň prawoslaw buthanasyna degişlidirler.

Arap hristianlary bolsa grek prawoslaw buthanasyna, Rimiň katolik buthanasyna, haldeý katolik buthanasyna we Siriýanyň prawoslaw buthanasyna, şol sanda birnäçe protestant buthanalaryna degişlidirler.
Häzirki wagtda bu hristianlaryň öýleri we olaryň ybadat edýän ýerleri “Yslam döwleti” atly topar tarapyndan eýelendi.

“Ol ýerde buthanalar “Yslam döwleti” tarapyndan eýelenip, basylyp alyndy we “Yslam döwletiniň” gara reňkli nyşanlary buthananyň jaýynyň depesinde ýerleşdirildi hem-de keramatly Merýemiň heýkeli aşak düşürildi” diýip, Human Rights Watch guramasynyň derňewçisi Letta Teýlor (Letta Tayler) aýtdy.

Gürrüňi gidýän sebitden hristianlaryň gysylyp çykarylmagy baradaky buýruk bir wagtlar gülläp ösen şäherli jemgyýet üçin iň soňky urgy boldy. Sebäbi 2003-nji ýylda Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygynda Yrakda Saddam Huseýin häkimiýetden agdarylaly bäri, bu jemgyýet dürli ýowuzlyklara we adam öldürilmelerine şaýat boldy.

Yrakda “Yslam döwleti” yglan edilmezinden ençeme wagt öň hem Mosuldaky hristianlar ekstremistler tarapyndan yzygiderli nyşana alnyp gelýärdi. Olar bomba hüjümlerine, asylyp öldürmelere we zamun hökmünde alnyp gaçylmalara sezewar bolýardylar. Ekstremist musulmanlar hristianlary dini taýdan Günbatar döwletleriniň we olaryň gymmatlyklarynyň ýarany hasaplaýarlar. Bu ekstremistler tarapyndan hut şu sebäplere görä, hristianlara garşy amala aşyrylan hüjümler hem müňlerçe adamyň ýurtdan gaçmagyna sebäp boldy.

Buthananyň lideri Sakonyň sözlerine görä, 2003-nji ýyldan öň Mosulda 25 müň hristian ýaşaýardy. Emma ol bu sanyň yzygiderli pese gaçýandygyny belleýär. Takyk sanlar barada anyk maglumat ýok bolsa-da, Sako 21-nji iýulda “Reuters” habar gullugyna beren maglumatynda “Yslam döwleti” hristianlary sebitden kowup çykarmak barada buýruk beren mahaly Mosulda birnäçe müň maşgalanyň galandygyny aýtdy.

Edil şular ýaly wakalara tutuş Yragyň çägindäki hristian jemgyýetleri duçar bolýarlar. Maglumatlarda Birleşen Ştatlar Yragy basyp almazdan öň, ýurtda takmynan 1,5 million hristianyň ýaşaýandygy aýdylyp, häzirki wagtda olaryň sanynyň 400 müňe çenli azalandygy bellenilýär.

Yragyň hristian liderleri yrakly musulmanlaryň ählisiniň dine çydamlylygyna ynanýandyklaryny aýdýarlar we hristianlary nyşana alýan ekstremist toparlaryň bolsa, diňe bir yrak hristianlaryna däl-de, eýse yraklylaryň ählisine howp salýandygyny nygtaýarlar.

Bu barada Bagdadyň Keramatly Jorj buthanasynyň ruhanysy Sabah Boutros 18-nji iýulda žurnalistlere beren maglumatynda şeýle diýdi: “Biz musulman doganlarymyz bilen ençeme asyr parahatçylykly we dostlukly ýaşadyk we aramyzda hiç wagt ýowuzlyklar bolmandy”.

Ol özüne “Yslam döwleti” diýip at berýän toparyň edýän işleri musulmanlaryň hereketlerini şöhlelendirmeýär, bu edilýän gabahatlyklar “hiç hili seljermesizden ähli adamlaryň garşysyna terrorçylykly hüjümleri amala aşyrýan” ekstremist toparyň hereketlerini alamatlandyrýar diýdi.

Yrakdaky hristianlar “Yslam döwleti” diýilýän topar tarapyndan yzygiderli kowulýan ýa-da öldürilýän birnäçe azlyk toparlaryň diňe biridir.

Human Rights Watch guramasy Yrakda ylaýta-da şaýy türkmenleriniň we şaýy şabaklaryň agyr hüjümlere duçar bolýandygyny belleýär. Bu gurama özüne “Yslam döwleti” diýip at berýän ýaragly toparyň hüjümleri zerarly agzalan azlyklara degişli müňlerçe maşgalalaryň Mosulyň golaýyndaky öz jemgyýetlerini terk etmäge mejbur bolýandyklaryny habar berýär.

XS
SM
MD
LG