Sepleriň elýeterliligi

Göçüşlik: Mosully hristianlar kösenýar diýilýär


Mosully hristianlar kösenýar diýilýär.

Mosully hristianlar kösenýar diýilýär.

Yragyň ýaşaýjysy, hristian dinine uýýan 25 ýaşly Rawa Jinana 18-nji iýunda Mosuly terk etmek barada buýruk berlende, muňa haýran galypdyr.

Yragyň ikinji iň uly şäherinde öz hökmüni ýöredýän “Yslam döwleti” (ozalky ady “Yrak yslam döwleti we Lewant”) atly topar şäherde ýaşaýan hristianlaryň öýlerine hat paýlap çykypdyr. Hatda hristian dininiň wekillerine üç zat teklip edilýär, ýagny: hristianlar ýa musulman bolmaly, ýa özleriniň musulmançylykdan başga dine uýýandyklary üçin her aýda YYDL-a salgyt tölemeli, ýogsa-da, Mosuly terk etmeseler, öz ölümlerine kaýyl bolmaly.

Jinan häzirki wagtda kürtleriň awtonom regionyna degişli bolan Erbil şäherinde gurlan bosgunlaryň lagerlerinde ýaşaýar. “Adamym öýe getirilen haty görüp, aňk-taňk boldy” diýip, ol gürrüň berýär.

Ol ýene şeýle diýýär: “Biz hemme zada kaýyldyk, ýöne şäherden kowularys diýip göz öňüne-de getirmändik. Haçan-da “hristianlar şäheri terk etmelimişin” diýip eşidenimizde, biz ‘Mosulda agyr hüjümler amala aşyryljakmyka’ diýip pikir etdik. Olar bizi talap, soňundanam ýurtdan çykaryp kowarlar diýen düşünje biziň kellämize-de gelmändi”.

Olar ilkibaşda bu hat “mejbury göçürilmäniň” däl, ewakuasiýanyň alamatydyr diýip pikir edipdirler. Sebäbi Jinanyň maşgalasy ozalam bir gezek uruşdan gaçyp, Mosuly terk etmeli bolupdyr. Bu gaçha-gaçlyk haçan-da Yslam döwleti bary-ýogy üç günüň içinde Mosuly basyp alanlarynda bolup geçipdir.

Ýöne söweş soňlanyp, şähere asudalyka aralaşansoň, olar “Yslam döwleti şäherdäki beýleki dini toparlaryň agzalaryna azar berjek dälmişin” diýen myş-myşlara eýerip yzlaryna, şähere dolanypdyrlar.

Jinan: “Ilkibaşda meýletinçiler bizi gorajaga meňzeýärdi” diýýär: “Olar bizi ýakymly garşylap, gerek-ýaragymyz bar bolsa, ýa-da kimdir biri bize azar berse, çekinmän olar bilen habarlaşmagymyzy soradylar”.

Galyberse-de, hristianlaram şäheriň täze fundamentalist hökmürowanlaryna näme üçin garşylyk bildirsinler!? Hristian dinine uýýan zenan maşgalalar eýýäm ýapynja geýnip başlapdyrlar. Erkeklerem, aýallaram birden düşünişmezlik ýüze çykaýmasyn diýip, köplenç jaýdan çykmaýan ekenler.

Ýöne Siriýadaky beýleki dinlere uýýan adamlara garşy alyp baran zabun zulumlary bilen giňden tanalýan “Yslam döwleti” atly toparyň Mosuldaky hristianlar bilen “äbe-de-jüýje” bolup ýaşap bilmejekdigi görnetin hakykatdy. Şonuň üçinem asudalyk uzaga çekmedi. Meýletinçiler Mosulda gözegçiligi doly ele geçirensoňlar, şäherde howa üýtgäp başlaýar.

“Şondan soň meýletinçiler hrisitianlaryň ybadathanalaryna kürsäp girip, ruhanylara azar berip başlaýarlar we ybadat edip Hudaýa çokunýan adamlary ybadathanalardan kowup başlaýarlar” diýip Jinan gürrüň berýär.

Ol öz gürrüňini şeýle dowam edýär: “Meýletinçiler diňe bir ybadathanalarymyza girmek bilen çäklenmediler, eýsem olar Ýunus pygamberiň gubruny we şol sanda beýleki ybadathanalary-da ýykyp-ýumurdylar”.

Mosully hristianlar Ýunus pygamberiň gubry ýykylanda, şok ýagdaýyna düşdüler, ýagny huk boldular. Bu ýagdaýdan musulmanlaram nägile bolýar, sebäbi Ýunus pygamber iki dinde-de keramatly adam hasaplanýar. Pygamberiň gubrunyň ýanynda ozal buthana bar ekeni. Soňlugy bilen ol ýerde metjidem gurulýar.

Ýöne wagtyň geçmegi bilen ýagdaýlar has erbetleşip başlaýar.

“16-17-nji iýulda hristianlaryň ýaşaýan öýleriniň daşynda gara reňkli belgi peýda bolup başlady” diýip, Jinan gürrüň berýär: “Olar hristianlaryň öýleriniň diwarlaryna tegelek şekiljik çyzyp, onuň içine-de “N” harpyny ýazýardylar. Nyşanyň aşagyna-da “Yslam döwletiniň emlägidir” diýen bellik galdyrýardylar. Biz olardan: ‘Näme üçin beýle edýärsiňiz?” diýip sorasak, olar bize ‘Bu şekiller sizi talaňçylardan gorar. Eger-de talaňçylar siziň öýleriňizi talamaga gelseler, olar şu şekilleri we bellikleri görüp, gorkup, bu öýler sünnülere degişlidir öýdüp, yzlaryna gaçarlar. Siz arkaýyn boluň, size zyýan ýetmez diýdiler”.

Muňa garamazdan, hrisitianlar gorkup başlaýar. “N” harpy – Nasrani diýmekligi aňladýar. Nasrani sözi Kuranda agzalyp geçilýär we bu söz Isa pygamberiň doglan ýeri bolan Nazaret bilen hem baglanyşdyrylýar. Indi “Yslam döwleti” diýilýän topar buthanalaryň depesinde oturdylan haçly baýdaklary hem aýryp, oňa derek, hamana keramatly söweşde ýeňiş gazanan ýaly, özleriniň gara reňkli “jyhadçylygy” aňladýan baýdaklaryny oturdýarlar.

Jinan: “Men Keramatly Efraim atly prawoslaw buthanasynda we Ruhany Çaldeanyň kürsüsinde çalşylan baýdaklary gördüm diýýär.

“Yslam döwleti” toparynyň adyndan hristianlara ugradylan üç sany teklip äheňli buýruk olara gelip gowşanda, hristianlar “Yslam döwleti” toparyna bolan ynamlarynyň synandygyny aýdýarlar. Jinanyň “Yslam döwleti” diýilýän toparyň hatda “jizýe”, ýagny dini salgyt barada soramandygyna garamazdan, meýletinçilere hrisitianlaryň emläklerini özlerine berjekdiklerini söz berip, çykyş edipdirler. Beýleki bosgunlar barada gelip gowuşýan habarlardan çen tutsaň, olara tölenmeli puluň möçberi 100 amerikan dollary töweregimiş.

Muňa derek Jinan we onuň adamsy iki ogullaryny hem ýanlaryna alyp, Mosulyň gündogarynda ýerleşýän we, esasan, hristianlaryň ýaşaýan şäherine gaçyp gidipdirler. Olar Naýnawanyň üsti bilen iň howpsuz şäherleriň biri bolan Kürt awtonom regionyna degişli Aýn Kawa şäherine baryp ýerleşipdirler.

Dini çaknyşyklardan azat bolan kürtleriň awtonom regionynda howpsuzlyk ýokary derejede üpjün edilýär. Ýöne haçan-da Jinan we beýleki bosgunlar Mosuly terk edenlerinde, özlerine degişli emläklerini ýitirendiklerini aýdýarlar. “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileri olary talapdyrlar.

Jeňçiler onuň adamsynyň jübüsindäki pullary alypdyrlar, olaryň goş-golamlaryny ýekän-ýekän dörüp, eşiklerini we beýleki goşlaryny, hatda çagalaryň arlyklaryna çenli alypdyrlar

“Olar meniň çagamyň süýt çüýşejiginiň gapagyny açyp, onuň içindäki süýdi köçä dökdüler. Biz olara ‘iň bolmanda çagalarymyzy köşeşdirer ýaly olara suw beräýiň’ diýip ýalbardyk. Ýöne olar biziň gözümiziň öňünde suw çüýşeleriniň gapagyny açyp onuň içindäki suwy köçä dökdüler.

Indi Mosulyň 80 kilometr günbatarynda ýerleşýän şäherde ornaşan Jinan Mosulyň derwezesiniň özleri üçin doly ýapylandygyny çak edýär we mundan soň nämeleriň boljakdygyny çaklamagyň örän kyndygyny aýdýar.

Jinanda umyt ýok däl. Mysal üçin, ol yrak hökümeti Mosuly täzeden eýelär diýip, öz ýanyndan göwün ýüwürdýär. Ýöne munuň ähtimallygynyň gaty pesdigini, sebäbi ”Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriniň eýýäm Bagdadyň gapylaryny kakyp başlandygyny ol oňat bilýär.

Jinan bir zada magat göz ýetiripdir, ýagny onuň maşgalasy mundan beýläk, bu bardy-geldi mümkin bolaýanda-da, Mosula gitjek dälmiş.

Ol bu hakda şeýle diýýär: “Ne men, ne-de ýekeje hristian adam mundan beýläk o ýere barmaz. Biz ozal Mosulda ýaşaýardyk, hawa, ýöne bizi ol ýerde jezalandyrdylar we şäherden çykaryp kowdular”.

XS
SM
MD
LG