Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yşyk: "Wiza meselesini halkara tejribeler çözer"


Käbir daşary ýurtly syýahatçylar Türkmenistana wiza almagyň kyndygyny aýdýarlar.
Käbir daşary ýurtly syýahatçylar Türkmenistana wiza almagyň kyndygyny aýdýarlar.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň metbugatynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösýändigi we özara gatnaşyklarda "Bir millet - iki döwlet" garaýşyndan ugur alynýandygy häli-şindi nygtalýar.

Emma halk arasynda ýagdaýyň iş ýüzünde düýpgöter başgaçadygy, Türkmenistana girmek isleýän türk raýatlary wiza aljak bolsalar, onda dürli bahanalar bilen olaryň öňünde her hili bökdençlikleriň döredilýändigi aýdylýar.

Türkiýede başga ýurtlara syýahat edýän adamlary wiza bilen üpjün edýän firmalar Türkmenistanyň hökümeti Türkmenistana wiza bermek düzgünini ýörite şertleri talap edýän käbir beýleki ýurtlardan görelde alyp çözse, munuň hemmeler üçin-de bähbitli boljakdygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy Türkiýede wiza işleri bilen meşgullanýan bir firmanyň işgäri Yşyk hanym bilen söhbetdeşlik geçirip, Türkmenistanyň wiza babatda bar bolan halkara tejribelerinden nähili peýdalanyp biljekdigini sorady.

Azatlyk Radiosy: Yşyk hanym, siziň firmaňyz Türkiýäniň Stambul şäherinde 20 ýyldan gowrak wagtdan bäri wiza işleri bilen meşgullanýan, tejribeli hem tanymal firmalaryň biri hasaplanýar. Ynha, bir adam şeýle aýratynlygyňyzy göz öňünde tutup, siziň firmaňyza arza berse, şu wagt Türkmenistana wiza alyp bilermi?

Yşyk Hanym: Gynansagam, Türkmenistana wiza almak işinde şu wagt gaty uly kynçylyk bar we şu wagt hiç kime Türkmenistana wiza alyp berip bilemizok. Türkmenistana wiza almak isleýän adamlar internetden biziň firmamyzyň sahypasyny tapyp, bize telefon edip, Türkmenistanyň wizasyny alyp bermegimizi soraýarlar. Ýöne çakylyk alyp bolmansoň, Türkmenistan şu wagt hiç kime wiza berenok. Aslynda biz bu ugurdan gaty uly kynçylyk çekýäris.

Azatlyk Radiosy: Yşyk hanym, siz wiza işlerindäki tejribeleriňizden ugur alyp, Türkmenistanyň wiza kynçylygynyň düzedilmegi üçin nähili hereket edilmegini maslahat berýärsiňiz?

Yşyk Hanym: Aslynda Türkmenistan türkmen wizasyny bermek boýunça Stambulda bir adama ýa-da bir turistik firma zerur ygtyýarlary berse, we onuň bilen şertnama baglaşsa, onda wiza işleri has gowy, dogry we ýeňil çözlerdi. Netijede Stambulda Türkmenistanyň hemmelere belli bir umumy wiza merkezi bolardy.

Azatlyk Radiosy: Yşyk hanym, Stambulda siziň ýaňky teklibiňizi durmuşa geçirip ýören görelde alyp boljak, tejribelerinden peýdalanyp boljak firmalar barmy?

Yşyk Hanym: Elbetde, bar. Dürli ýurtlara wiza babatda wekilçilik edýän, meselem, VSS, IDATA ýaly turistik firmalaryň hemmesi diýen ýaly Stambulda Harbiýe we Şişli diýen ýaly ýerlerde ýerleşýärler. Wiza babatda özboluşly şertleri öňe sürýän ýurtlaryň adyndan wiza bermeklik ygtyýary bolan turistik firmalaryň hemmesi diýen ýaly şol ýerde halka hyzmat edýärler.

Türkmenistana gitjek turistleriň ynamdarlygyna Türkmenistan döwletiniň öňünde kepil geçip biljek şeýle bir turistik firma ynam bildirilse, ana şonda wiza kynçylygy gaty aňsat çözler. Türkmenistan döwletiniň adyndan wiza bermeklik ygtyýary ýaňky ýaly diňe belli bir turistik firma berilse, işler hem dogry, kemçiliksiz we bökdençsiz amala aşyrylar diýip pikir edýärin. Şeýle edilse, bu Türkmenistana wiza almak kynçylyklarynyň we ähli bökdençlikleriň aňsat çözülmegine peýdaly bolar, sebäbi şu wagtky ýaly bolsa, muňa hemmeler şaýat, hemmeler görüp dur, hiç kim Türkmenistana wiza alyp bilenok.

Türkmenistanyň wiza meselesi, meniň iş tejribäme görä, iň gowy usulda ýaňky görnüşde çözlüp bilner. Men Türkmenistanyň ýolbaşçylaryndan wiza meselesinde hut şeýle degişli çäreleri görmegi haýyş edýärin. Meselem, Özbegistanyň bütin wiza işlerini OBI turizm atly ýeke-täk firma bitirýän bolsa, meniň pikirimçe, Türkmenistan hem edil şonuň ýaly, ýeke-täk bir firma ygtyýar berip, ähli wiza meselelerini şol firmanyň üsti bilen çözüler ýaly etmeli.

Türkmenistana wiza almak isleýän adamlar şeýlelik-de biziň ýaly firmalara hem ýüz tutup ýörmän, gönümel şol ygtyýarly ýeke-täk firma barsalar, gowy bolar. Ýogsa, ýönekeý adamlaram, hatda Türkmenistanda maýa goýup, iş etmek isleýänlerem wiza alyp bilmän, kösenip ýörler.

XS
SM
MD
LG