Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Jesetler Niderlandlara ugradyldy


Ukrainada urlup ýykylan “Malaýziýa howaýollaryna” degişli uçarda pida bolanlaryň jesetleri Niderlandlara ugradyldy.

Ukrainada urlup ýykylan “Malaýziýa howaýollaryna” degişli uçarda pida bolanlaryň jesetleri Niderlandlara ugradyldy.

Şu ýylyň 17-nji iýulynda Ukrainanyň howa giňişliginde urlup ýykylan “Malaýziýa howaýollaryna” degişli uçarda pida bolanlaryň 40 sanysy uly hormat bilen Nederlandlara ugradylandan soň, 24-nji iýulda jesetleriň ýene-de ençemesiniň Nederlandlara gowşurylmagyna garaşylýar.

Ukrainanyň hökümeti pida bolanlaryň jesetleri ýa-da olaryň bölekleri ýerleşdirilen 51 konteýnerden ybarat iki harby uçaryň 24-nji iýulda Nederlandalara uçmaga taýýardygyny aýtdy.

“Malaýziýanyň howaýollaryna” degişli MH17 gatnaw reýsini, ýagny ugruny amala aşyrýan ýolagçy uçary 17-nji iýulda gündogar Ukrainada urlup ýykylanda, ondaky 298 ýolagçynyň we ekipažyň agzalarynyň ählisi heläk boldy. Bu uçaryň orsýetparaz separatistler tarapyndan urlup ýykylandygy aýdylýar.

23-nji iýulda jesetleriň ilkinji tapgyry golland şäheri Aýdhowene baran mahaly, ol ýerde pida bolanlaryň takmynan 1 müň sany dogan-garyndaşy, golland şasy Willem-Aleksandr (Willem-Alexander) we şa zenany Maksima (Maxima), premýer-ministr Mark Rutte (Mark Rutte) we uçar heläkçiliginde öz raýatlary pida bolan beýleki döwletleriň wekilleri bardy.

Urlup ýykylan uçarda heläk bolan ýolagçylaryň 193 sanysy gollandiýalydy. Niderlandlar olaryň hatyrasyna bütin ýurtda bir günläp ýas yglan etdi.

Bu wakada 39 sany ýaşaýjysy pida bolan Awstraliýa Londona 50 sany polisiýa ofiserini iberdi. BMG-niň gözegçiligi astynda köpmilletli polisiýa güýçleriniň bir bölegi hökmünde bu ofiserleriň Malaýziýanyň ýolagçy uçarynyň gaçan ýeriniň goragyny üpjün etmäge ýardam bermek üçin Ukraina gitmegine garaşylýar.

24-nji iýulda Niderlandlaryň we Awstraliýanyň daşary işler ministrleri Kiýewe baryp, gürrüňi gidýän güýçleriň Ukrainada ýerleşdirilmegine mümkinçilik berýän özara düşünişmeklik memorandumyny maslahat etmek üçin ukrain ýolbaşçylary bilen duşuşarlar.

Premýer-ministr Toni Abbot (Tony Abbott) jesetleriň köpüsi Malaýziýanyň ýolagçy uçarynyň ýykylan ýerinde bolandygy sebäpli, köpmilletli polisiýa güýçleriniň boldugyça tiz Ukrainada ýerleşdirilmelidigini aýdyp, şeýle diýdi: “Gündogar Ukrainadaky ýagdaýlar daşyndan görnüşi ýaly däl, has başgaça, düzgünsiz. Ýöne uçaryň urlup ýykylan ýerinde welin, bu uçary urup ýykan diýlip çak edilýän - ýaragly pitneçileriň rugsady bolmazdan, hiç bir zadyň bolup bilmejekdigi mese-mälim”.

Ukrainada “Malaýziýa howaýollaryna” degişli uçar urlup ýykylandan soň, 24-nji iýulda Ýewropa Bileleşiginiň ilçileri Russiýa garşy has giňeldilen sanksiýalary girizmegi ara alyp maslahatlaşarlar.

Bu aralykda Russiýanyň Daşary işler ministrligi 23-nji iýulda gündogar Ukrainada urlup ýykylan iki ukrain harby uçarynyň Russiýanyň territoriýasyndan atylan raketalar bilen urlup ýykylandygy barasynda Kiýewiň tassyklamalaryny ret etdi.

XS
SM
MD
LG