Sepleriň elýeterliligi

Türkmen dili we ýaşlar


Türkmen dili we ýaşlar.

Türkmen dili we ýaşlar.

Türkmenistanda türkmen diliniň doly döwlet dili durumyna eýe bolanyna 20 ýyldan gowrak wagt geçdi. Şol döwürde türkmen ýaşlarynyň türkmen dili bilen bir hatarda rus, iňlis dillerini hem kämil öwrenmelidigi wagyz edildi.

Elbetde, türkmen diliniň döwlet dili bolmagy bilen, Türkmenistanda döwlet işleri hem esasan türkmen dilinde alnyp barylmaly edildi. Bu ýagdaý görnüşinden türkmen diliniň ulanylyşyny has güýçlendirmelidi. Munuň üçin bolsa, türkmen dili boýunça sowatlylygyň zerur boljagy düşnüklidir.

Ýöne şu geçen ýylyň içinde ýaşlaryň arasynda türkmen dili boýunça sowatlylygyň alada döredýän ýagdaýlarynyň göze ilip başlandygy aýdylýar. Mysal üçin, daşary ýurtlarda okan ýaşlaryň rus, türk ýa-da iňlis dillerini gowy öwrenip, muňa derek türkmençesini ýitirýän ýa-da türkmençe gowy gürläp we ýazyp bilmeýän halatlarynyň hem köpelendigi aýdylýar.

Eýsem, bu ýerde nähili mesele bar? Eger Türkmenistan özbaşdak bir döwlet bolsa, türkmen dili hem onuň döwlet dili bolsa, Türkmenistanyň sowatly ýaşlarynyň türkmençe kämil gürläp hem ýazyp bilmegi zerurulykmy? Ýa-da olar öz gepleşik dillerinde garyşyk sözleri hem ulanyberseler bolýarmy? Bu barada ýaşlar näme pikir edýär? Dili goramak üçin nähili işler edilmeli?

Nobatdaky Täze Tolkun gepleşiginde şu mesele boýunça ýaşlaryň garaýyşlary barada gürrüň ederis. Bu baradaky garaýyşlaryňyzy, pikirleriňizi gepleşigimize gatnaşyp beýan etmek isleseňiz, biziň hat@azatradio.org email adresimize hat ugradyň, özümiz siziň bilen habarlaşarys. Garaýyşlaryňyza teswir bölüminde hem garaşýarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG