Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmenistanyň prezidenti Awaza barsa, dynç alýanlar Awazadan çykarylýar diýýärler. Muny, elbetde, alada hökmünde kabul etmeli hem-de… alkyş aýtmaly.

Pöwrizäni welin prezident millete gaýdyp berer öýdüpdik. Bolmady!

Pöwrize aşgabatlylaryň bir bölegi üçin möwsümleýin gaçybatalgady. Wraçlar endokrin sistemalarynda kemçilik tapanlara, göwreli aýallara, yssa döz gelip 6ilmeýänlere tomsy Pöwrizede geçirmegi ýa-da Orsýetiň orta zolagyna gitmegi maslahat berýärdiler.

Sportsmenler üçin Pöwrizede ýörite türgenleşik ýygynlary geçirilýärdi.
Ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelenler Pöwrizäniň salkyn saýalarynda dynç almak bilen bilelikde, tebigatyň gözelliklerine hem täsinliklerine aralaşýardylar. Ýedidoganyň, Bürgüdiň ýanlarynda surata düşmek, Aşgabada aýlanmak, Botaniki bagy görmek, Aşgabadyň töweregindäki taryhy ýadygärliklere, tebigy täsinliklere aýlanmak, konsertlere hem spektakllara tomaşa etmek olar üçin täsiri köp ýyllara ýetýän ruhy hem fiziki täzelenmedi, mümkin, özgerişdi.
Müňlerçe çaga Pöwrizäniň üsti bilen dünýä giňişliklerine, gözelliklerine hem täsinliklerine aralaşýardy.

Şu zatlar ilat üçinem, döwlet üçinem elýeterlidi. Milliardlarça dollarlyk maýa goýumlaryna-da zerurlyk ýokdy. Elbetde, Pöwrizäni, onuň infrastrukturasyny modernleşdirmek gerekdi. Emma Pöwrizäni ýykan-ýumran edip, ilatyny kowup, ýerine Gala saldyrmagyň Nyýazow üçin nämä gerek bolanyna aňy ýerindäki adama düşünmek kynmyka diýýän. Ýogsa ol Pöwrizäniň ýanynda gurduran äpet, döwlet gaznasy üçin örän gymmada düşen daçasynda has täsinräk bina-da galdyrdyp bilerdi – onuňka «Bolanok» diýen barmydy…

Bu ýerde diňe çak etmek ýa-da aforizmlere ýüzlenmek galýar. Meselem, Mark Terensiý Warron «Betnebise bütin dünýä miras galsa-da, ol özündenem ogurlap, basyp goýar» diýipdir.

Hawa, bu dünýäde düşünmesi kyn zatlar öňem bolupdyr, indem bolmajagyna kepil ýok - Neronyň Rimi näme uçin otlanyna adamzat entägem düşünip bilenok ahyryn.

Pöwrizäni halka gaýtaryp bermek welin, islendik hökümdara jedelsiz abraý getirerdi. Şonda Rafaýeliň «Sikstin Madonnasyna» gaýra dur diýjek kartina ýazan hudožnigem tapylardy, hudožnigi goldanam…

Nurberdi Nurmämmet, aşgabatly aktiwist. Blogda öňe sürlen pikirler awtora degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG