Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Groýsman wezipä bellendi


Ukrainanyň hökümeti resmi taýdan Wladimir Groýsmany ýurduň premýer-ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji diýip yglan etdi.

Ukrain hökümetiniň 25-nji iýulda ýaýradan beýanatynda bu karar premýer-ministr Arseniý Ýatsenýuk wezipesinden çekileni sebäpli amala aşyryldy diýilýär.

36 ýaşyndaky Groýsman fewral aýyndan bäri Ýatsenýukyň orunbasary we regional ösüş ministri wezipelerinde işleýärdi.

Ýatsenýuk 24-nji iýulda wezipesinden çekildi. Ol özüniň wezipeden çekilmegini şol güni ir bilen Ukrainanyň hökümet koalisiýasynyň çagşamagynyň “kabinetiň inisiatiwasynyň böwetlenmegine” alyp barandygy bilen düşündirdi.

Hökümet koalisiýasynda agdyklyk edýän iki partiýa, prezident Petro Poroşenkonyň täze parlament saýlawlaryny geçirmek üçin düzgünlere başlamagyna mümkinçilik döretmek maksady bilen parlamentden çekilýändigini yglan edipdi.

Groýsman 2006-njy ýylda Ukrainanyň günbataryndaky Winnitsia şäheriniň häkimi wezipesine saýlanypdy.

XS
SM
MD
LG