Sepleriň elýeterliligi

Russiýa Ukrainanyň süýt önümlerine gadaganlyk girizdi


Russiýa hil taýdan barlaglaryň ýetmezçilik edýändigini aýdyp, Ukrainadan Moskwa getirilýän ähli süýt önümleriniň importyny gadagan etdi.

Bu hereket, Ukraina Ýewropa Bileleşigi bilen erkin söwda paktyna gol goýandan soň, iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ýaramazlaşýandygyny görkezýän iň soňky alamatdyr.

Russiýanyň “Rosselhoznadzor” iýmit we oba-hojalyk derňew gullugynyň metbugat wekili, Ukrainanyň süýt önümlerinde ýokary derejeli antibiotikleriň we bakteriýalaryň üsti açylandan soň, gürrüňi gidýän gadagançylygyň girizilendigini aýtdy.

Ukrainanyň süýt önümlerini Russiýa import etmek baradaky gadagançylyk 28-nji iýuldan başlap güýje girer.

Şu aýyň başynda Moskwa Moldawanyň et we bag-bakja önümlerini Russiýa import etmegi hem gadagan edipdi. Moldawa hem iýun aýynda Ýewropa Bileleşigi bilen Assosiasiýa ylalaşygyna gol goýupdy.

XS
SM
MD
LG