Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Golland, awstraliýaly resmiler Ukraina bardy


Gollandiýanyň we Awstraliýalynyň daşary işler ministrleri Frans Timmermans (Frans Timmermans) we Juli Bişop (Julie Bishop) Ukrainada urlup ýykylan “Malaýziýa howaýollaryna” degişli uçaryň töweregine halkara polisiýa güýçleriniň ýerleşdirilmegine rugsat berilmegini gazanmak üçin Ukraina bardylar.

Gürrüňi gidýän ýurtlaryň daşary işler ministrleri bilen ukrain resmileriniň arasyndaky gepleşikler, Kiýew urlup gaçyrylan uçarda pida bolanlaryň jesetleriniň ýene-de ençemesini Harkiwden Niderlandlara ugratmaga taýýarlyk görýän mahaly bolup geçýär.

“Malaýziýanyň howaýollaryna” ýolagçy uçary urlup ýykylanda, ondaky 298 ýolagçynyň ählisi heläk boldy. Bu uçaryň orsýetparaz separatistler tarapyndan urlup ýykylandygy aýdylýar.

Uçar heläkçiliginde pida bolanlaryň ilkinji jesetleri 23-nji iýulda Niderlandlara ugradylypdy.

Ukrainanyň resmileri takmynan 200 jesediň tapylandygyny we olaryň Harkiwe ugradylandygyny habar beripdiler.

Golland premýer-ministri Mark Rutte wakada pida bolanlaryň galan jesetlerini tapmaga ýardam bermek üçin Ukraina 40 polisiýa işgärini ugratjakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG