Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Hroýsmany premýer-ministrlige hödürleýär


Wolodimir Hroýsman

Wolodimir Hroýsman

Ukrain hökümeti Wolodimir Hroýsmany resmi taýdan ýurduň iş başyndaky premýer-ministrligine hödürledi.

Hökümetiň 25-nji iýulda çap edilen beýanatynda bu karara gelinmeginiň sebäbi premýer-ministr Arseniý Ýatsenýugyň işden çekilmegi bilen düşündirilýär.

Emma Ukrainanyň parlamenti heniz Ýatsenýugyň işden çekilmek baradaky arzasynyň özlerine gowuşmandygyny we şu sebäpden onuň arzasyny kabul etmek meselesiniň sese goýulmandygyny aýtdy.

Ýatsenýuk 24-nji iýulda parlamentde işden çekildi, ol bu karara gelmeginiň sebäbini şol gün irden parlament koalisiýasynyň bölünmegi we munuň hökümetiň inisiatiwalarynyň öňüniň beklenmegine alyp gelmegi bilen düşündirdi.

Şol gün irden köplük koalisiýasyndaky iki partiýa özleriniň prezident Petro Poroşenko täze parlament saýlawlary babatdaky prosedura başlamaga ýol bermek üçin bileleşikden çykýandyklaryny yglan etdiler.

36 ýaşyndaky Hroýsman fewral aýyndan bäri premýer-ministr Ýatsenýugyň orunbasary we regional ösüş ministri bolup işleýärdi.

Hroýsman 2006-njy ýylda günbatardaky Winitsia şäherinde häkimlige saýlanypdy.

Ýatsenýuk 24-nji iýulda parlamentde işden çekilende kanunçykaryjylary energiýa we ýaragly güýçleri maliýeleşdirmek üçin býujet ýokarlandyrmasy baradaky kanunlary tassyklap bilmezlikde tankytlady.

"Haçanda koalisiýa bölünende, premýer-ministr täze koalisiýa döretmek prosedurasyna başlmaly. Bu nämäni aňladýar? Bu premýer-ministriň Regionlar partiýasyny we Kommunistleri koalisiýa getirmekde günäkär boljagyny aňladýar. Bu meniň üçin kabul ederlikli däl" diýip, Ýatsenýuk aýtdy.

Ol şu sebäpden işden çekilmekden başga alajynyň galmandygyny öňe sürdi.

Ukrainada irki parlament saýlawlarynyň geçirilmegine fewral aýyndan, ozalky prezident Wiktor Ýanukowiç aýlap dowam eden protestler netijesinde işden çetleşdirileli bäri garaşylýardy.

XS
SM
MD
LG