Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ýaşlary internetde näme barada gürleşýärler?


Türkmen ýaşlarynyň sosial ulgamlaryndaky işjeňligi.
Türkmen ýaşlarynyň sosial ulgamlaryndaky işjeňligi.

19-njy iýulda Twitter özüniň iPhone we Android telefonlaryndaky ulgamyny täzeleýändigini yglan etdi. Bu habara görä, ulanyjylar täze Twitter ulgamy arkaly indiden eýläk iPhonelerdäki we Androidlerdäki “direct-message”, ýagny “göni-hat” görnüşindäki hatlarynyň ählisini öz mobil telefonlarynda görüp bilerler.

Twitter türkmen ýaşlarynyň arasynda edil Facebook we “VKontakte” sosial ulgamlary ýaly giňden ulanylmasa-da, her halda ol hem käbir türkmen ýaşlary tarapyndan işjeň peýdalanylýan sosial ulgamlaryň biri. Şeýlelikde soňky günlerde bu ulgamda ýazylýan türkmen tägleriniň sany hem köpeldi. Olaryň arasynda #Türkmençeýaz, #Ýaşwagtym, #Kitapokasaň ýaly häştägler bilen ýazylýan tweetler bar.

Twitter

Tägleriň sanynyň köpelmegi sosial ulgamyň türkmen agzalarynyň arasyndan käbirleriniň munuň bilen baglanyşykly öz pikirlerini bildirip, dürli garaýyşdaky tweetleri paýlaşylmagyna sebäp bolupdyr. Has anygrak aýtsak, käbir agzalar bu tägleriň arasynda manysyzlarynyň hem bardygyny aýdýarlar.

Şeýle tankydy mazmundaky tweetleriň biri sosial ulgamyň Welmyrat atly agzasy tarapyndan paýlaşylyp, ol öz tweetinde: “Gaty samsyk tm tägler çykdymy ýa maňa şeýlemi?”, ýagny “diňe maňa şeýle bolup görünýärmi?” diýip, sorag beripdir. Bu soraga Aman Gurdow atly agza: “Öwrenişersiň…” diýip jogap ýazypdyr.

“Ertir.com”

“Ertir.com” sosial ulgamynda Mekguş atly agza tarapyndan “Ertir.com-a haýsy welaýatdan köp adam girýär? Hany, geliñ” atly temasy iň köp okalan temalaryň biri bolupdyr. 19-njy iýulda gozgalan bu tema 28-nji iýula çenli 1725 sapar okalyp, 39 gezek hem halanypdyr we oňa jemi 94 teswir ýazylypdyr.

Bu temanyň mazmuny gysgajyk şeýle sözler bilen beýan edilipdir: “Salam Ertir.com-yň mähriban agzalary. Bu temany haýsy welaýatdan köp adam girýänini bilmek üçin açdym, öň açylan bolsa, bagyşlarsyňyz-da, bilesim geldi. Meniň özüm-ä Aşgabadyň Bagyr obasyndan girýän, başga-da Bagyrdan adam bar bolsa, gelsin, tanşaly. Gaýrat ediň, ses beriň”.

Temada bu tekstiň aşagynda hem “Siz haýsy welaýatdan?” diýip soralyp, Türkmensitanyň bäş welaýatynyň ady ýazylypdyr.

Pikir soralyşyk mazmunly bu temanyň ilkinji üç teswirinde agzalar temada soralyşy ýaly özüniň haýsy welaýatdandygyny ýazypdyrlar. Emma ondan soňky teswirleriň käbirlerinde agzalaryň haýsy welaýatdandygy däl-de, pikir soralyşykda Türkmenistanyň welaýatlarynyň atlarynyň ýazylyş tertibi barada bolupdyr.

Şeýle mazmunly teswirleriň birinde Nananana atly agza: “Awtor ses berişlikde haýsy welaýaty näçenji ýazjagyňy nämä görä ýazdyň?” diýip sorag berýär. Muňa FCB atly agza: “Baýdagymyzdaky gölleriň tertibine görä ýazypdyr” diýip, jogap galdyrsa, 100 atly beýleki bir agza: “Watanda” - howa maglumatynda aýdylyşyna görä, baýdakdaky göllere görä däl, göllerde Daşoguz 4. Lebap 5” diýip, teswir ýazypdyr.

“VKontakte”

“VKontakte” sosial ulgamynda bolsa, Kemal Muhammedow atly agza tarapyndan çap edilen degişme äheňindäki goşgy agzalaryň arasynda uly gyzyklanma döredipdir. 20-nji iýulda paýlaşylan bu goşguda soňky ýyllarda türkmenistanlylaryň arasynda giňden ulanylyp başlanan mobil telefon tilsimleri barada gürrüň gozgalýar. Goşgynyň ilkinji topbaklarynda şeýle diýilýär:

Bir gün ýola çykdym elim torbaly.

Kempir "Line"-da otyr, elem çorbaly.

Haýran galyp, gözlem gaçdy dyzyma,

Garry ýaşok "Line" öwredýä gyzyna.

Ýene ýöräberdim kellämi çaýkap,

Alkaş "Line"-da otyr, üsti hem aňkap.

Bir körpe-de baryp çüňke dykyldy,

Bir oçkarik büdräp, çukura ýykyldy.

Gürrüňi gidýän sosial ulgamyň Şatlyk Atajanow, Welmyrat Ataýew, Kuwwat Baýlyýew, Alyşir Omarow, Gündogdy Nepesow, Oraz Rejepow ýaly agzalary goşgyny halandyklaryny ýazyp, teswir galdyrypdyrlar. Arslan Bekdurdyýew atly agza bolsa: “Kemal bu goşgyny özüň düzdüňm-aý?! Gep ýok bara... gowy bolupdyr, edil häzirki döwrebap goşg-a düzüpsiň” diýip, mobil telefon baradaky türkmençe goşgyny halandygyny aýan edipdir.

XS
SM
MD
LG