Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Bagtyýarlyk" mediasy dünýä göz ýumýar


Türkmen mediasynda aktual halkara wakalar barada dil açylmaýar
Türkmen mediasynda aktual halkara wakalar barada dil açylmaýar

Türkmen telewideniýesiniň Altyn asyr telekanalynda her gün sagat 22.40-da “Jahan ýaňy” atly gepleşik efire goýberilýär. Ýurduň daşyndaky bolup geçýän wakalary beýan etmeli bu gepleşikde, esasan, daşary ýurtlardaky medeni, turistik we häzirki zaman tehniki täzelekiler barada gürrüň edilýär.

Emma bu gepleşikde “Jahan ýaňynyň” efire gidýän gününde we sagadynda dünýä mediasynyň üns merkezinde duran wakalar barada asla maglumat berilmeýär. Mysal üçin Ukrainadaky häzirki ýiti krizis, Yrakdaky we Ýakyn Gündogardaky bolup geçýän wakalar “Jahan ýaňynda” asla öz beýanyny tapmaýar.

Bu ýagdaý diňe bir bu telegepleşiklere mahsus bolman, eýse ýurduň ähli media serişdelerine mahsus bir ýagdaý. Türkmen telewideniýesiniň esasy informasion gepleşigi bolan “Watan” programmasynda hem halkara wakalar barada dil açylmaýar. Türkmenistanda çap edilýän gazet-žurnallarda hem halkara wakalar barada maglumat berýän rubrikalar ýok.

Türkmen telewideniýesiniň ahli gepleşiklerinde nygtalyşy ýaly “bagtyýar” ýaşaýan türkmen teletomaşaçysy dünýäniň beýleki ýurtlarynda bolup geçýän wakalar barada türkmen mediasyndan maglumat alyp bilmeýär.

Çäkli maglumatlar

Türkmen mediasynda hatda biziň ýakyn goňşularymyz Owganystan, Özbegistan, Gyrgyzystan ýaly ýurtlardaky bolup geçýän wakalar barada hem habar berilmeýär. Şol ýurtlaryň Türkmenistan bilen aragatnaşyklary baradaky az sanly maglumatlar hem, esasan, resmi saparlardyr, döwletara ylalaşyklary baradaky resmi maglumatlar bilen çäklenýär. Emma türkmen mediasynda türkmen-owgan serhedinde bolup geçen pajygaly wakalar ýa-da Ukrainada okaýan türkmen studentleriniň häzirki pursatdaky ýagdaýlary barada halka gerek bolan hiç hili maglumat berilmeýär.

Dogry, türkmen telewideniýesiniň tomaşaçylary haýsy-da bolsa bir ýurtda heläkçiligiň bolandygyny ýurt baştutanynyň gynanç hatlaryndan bilýärler. Bu hili gynanç hatlarynyň iberilendigi barada “Watan” programmasynda habar berilýär. Emma şol betbagtçylygyň haçan, nirede we nähili ýagdaýlarda bolandygy barada Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdelerinde türkmen dilinde jikme-jik maglumatlary tapjak gümanyň ýok.

Mysal üçin, geçen hepdäniň ahyrynda Türkmenistanyň prezidentiniň “Alžir howaýollarynyň” uçarynyň heläkçiligi sebäpli Fransiýanyň prezidenti Fransua Ollanda we Alžiriň prezidenti Abdyleziz Buteflike gynanç hatyny iberendigi habar berildi. Emma bu heläkçiligiň nirede we nähili bolup geçendigi barada Türkmenistanyň ilaty öz ene dilinde hiç hili maglumat alyp bilenok.

Saparlar

Elbetde, Türkmen telewideniýesinde halkara wakalaryna degişli diýip bolaýjak käbir zatlar, meselem, prezidentiň daşary ýurtlara saparlarynyň protokol çäreleri görkezilýär. Birnäçe sagatlap dowam edýän bu reportažlar “Watan” programmasynda birnäçe gezek gaýtalap görkezilýär. Merkezi gazetlerde bolsa bu saparlar barada reportažlar çap edilýär.

Biri-birine juda meňzeş bu reportažlarda halkara gatnaşyklary üçin adaty bolan diplomatik etikete we protokola Türkmenistanyň prezidentiniň “halkara abraýynyň artýandygyny görkezýän” subutnamalar hökmünde aýratyn uly üns berilýär. Hatda şol saparlar mahaly prezidentiň iň bir kaşaň myhmanhanada ýerleşdirilendigi hem her gezek hökman nygtalyp geçilýär.

Türkmenistanlylar aktual halkara wakalarynyň beýan edilişi bilen baglylykdaky informasion boşlugy köplenç daşary ýurt habar serişdeleriniň kömegi bilen doldurýarlar. Ýurtda her bir öýde diýen ýaly çanak-satellit antennalary bar. Bu hemra antennalary boýunça türkmenistanlylar aglaba rus we türk dilindäki telekanallara tomaşa edýärler.

Türkmenistanda häzirki wagtda 7 sany telekanal, 4 sany radiokanal efire berilýär, 40-a golaý hem gazet-žurnal neşir edilýär.

XS
SM
MD
LG