Sepleriň elýeterliligi

Malaýziýa derňew üçin mümkinçilik soraýar


Malaýziýanyň MH17 ucarynyň gaçan ýeri, Donetsk regionynyň Hrabowe obasy, 26-njy iýul, 2014.

Malaýziýanyň MH17 ucarynyň gaçan ýeri, Donetsk regionynyň Hrabowe obasy, 26-njy iýul, 2014.

Malaýziýanyň häkimiýetleri Malaýziýanyň hökümetiniň Ukrainanyň hökümet güýçleri bilen gündogar Ukrainanyň orsýetparaz separatistleriniň arasyndaky ok atyşygyň bes edilmegi ugrunda gepleşik geçirýändigini aýtdylar. Derňewçiler Malaýziýanyň howa ýollarynyň heläkçilige uçran MH17 reýsli uçarynyň galyndylaryny barlamak üçin mümkinçilik gözleýärler.

17-nji iýulda bolan uçar heläkçiligini derňeýän malaýziýaly derňewçileriň ýolbaşçysy Khairil Hilmi Mokhtaryň 28-nji iýulda Bernama täzelikler agentligine aýtmagyna görä, uçar heläkçiliginiň bolan ýeriniň töweregindäki 35 kilometrlik giňişlikde ok atyşygyň togtadylmagy göz öňünde tutulýar.

Derňewler üçin päsgelçilik

Ok atyşyklar Gollandiýanyň we Awstraliýanyň polisiýasynyň 27-nji iýulda Donetskden heläkçiligiň bolan ýerine barmagyna päsgel berdi. Olaryň 28-nji iýunda ýene bir synanyşyk etjekdigi aýdyldy.

Awstraliýanyň Federal polisiýasynyň Milli howpsuzlyk boýunça komissarynyň orunbasary Andrew Kolwin derňewlere päsgel berýän mesele barada 28-nji iýunda çykyş edip, “bizi gyzyklandyrýan giňişliklerde geçen gije söweşler güýçlendi” diýdi.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 28-nji iýunda eden çykyşynda MH17 reýsli uçaryň heläkçiligi boýunça geçirilýän derňewlerde “bigünälik ähtimallygyna” hormat goýuljagyna umyt baglady.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ukrainadaky gözegçiler missiýasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Aleksandr Hug Donetskde žurnalistleriň öňünde çykyş edip, ýagdaýyň howpsuz däldigini belledi we her halda derňewçileriň 28-nji iýulda heläkçiligiň bolan ýerine baryp biljekdiklerini umyt edýändigini aýtdy.

“Bize ýerlerden gowşan maglumatlara görä, söweşler dowam edýär we biz ýagdaýy öz gözümiz bilen görmek üçin töwekgelçilige baş goşmarys” diýip ÝHHG-niň resmisi aýtdy.

Söweşler dowam edýär

Uçar heläkçiliginiň bolan ýeriniň golaýynda Kiýewiň goşunlarynyň we separatistleriň arasynda ok atyşygyň bes edilmegine çagyryş mundan birnäçe gün öň edildi, emma golaý töwerekde söweşler dowam edýär, gozgalaňçylaryň galasy bolan Donetskden günbatar we demirgazyk tarapda partlamalaryň sesi yzygiderli ýaňlanýar.

27-nji iýulda Ukrainanyň hökümet güýçleri Malaýziýanyň ýolagçy uçarynyň ýere gaçan ýerinden 15-20 kilometr uzaklykdaky Torez obasynyň golaýynda hem separatistlere garşy söweşdiler.

Derňewçiler uçaryň galyndylaryny barlap, onuň ýere gaçmagynyň sebäplerini anyklamak isleýärler.

Günbatar we ukrain resmileri uçaryň gozgalaňçylar tarapyndan Ukrainanyň harby uçary hökmünde urlup ýykylandygyny aýdýarlar.

Şeýle-de, derňewçiler uçaryň 300 çemesi ýolagçysynyň galyndylaryny we şahsy zatlaryny gözläp tapmak hem isleýärler.

ABŞ-nyň satellit suratlary

ABŞ-nyň Döwlet departamenti 27-nji iýulda satellit suratlaryny çap edip, olaryň geçen hepdede Orsýetden Ukraina atylan raketalary görkezýändigini aýtdy.

Döwlet departamentiniň ýaýradan dört sahypalyk dokumentinde raketalaryň atylan we baryp degen ýerleri görkezilýär.

Resmiler suratlaryň 21-nji we 26-njy iýul aralygynda agyr ýaraglaryň ulanylandygyny görkezýändigini aýtdylar.

Şoňky habarlara görä, 27-nji iýulda gündogar Ukrainada ýerleşýän Horliwka şäherinde azyndan 13 adamyň, şol sanda iki sany ýaş çaganyň wepat bolandygy aýdylýar.

Donetskiniň regional administrasiýasy adam heläkçiliginiň Horliwkadaky “harby çäreleriň” pidasy bolandygyny aýtdy, emma muňa kimiň jogapkärdigini takyklamady.

250 müň ilatly Horliwkada häzirki wagtda söweşleriň güýçlenýändigi barada habar berilýär.

XS
SM
MD
LG