Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaaga sudy Russiýa garşy karar çykardy


Gaaganyň Arbitraž sudy “Ýukos” nebit kompaniýasynyň öňki paý eýeleriniň bir toparyna Russiýanyň 50 milliard amerikan dollary möçberinde pul tölemelidigi barada karar çykardy. Bu barada gürrüňi gidýän suddaky çeşmeler habarçylara mälim etdiler.

Gürrüňi gidýän suduň 28-nji iýulda çykaran kararynda Russiýa 2004-nji ýylda “Ýukos” kompaniýasyny dargadyp, onuň esasy emläklerini ýapyk auksionda satan mahaly 1991-nji ýylda gol goýlan halkara Energiýa çarterini pozdy diýilýär.

Şikaýatçylar, ýagny “Group Menatep Limited” topary 114 milliard amerikan dollary möçberinde zyýan çekendigini aýdypdy. Şeýle-de, Gaaganyň sudunyň gürrüňi gidýän ýuridiki iş bilen baglanyşykly “Group Menatep Limited” toparynyň eden çykdajylary üçin Russiýanyň 65 million amerikan dollary möçberinde kompensasiýa tölemelidigi barada karar çykarmagyna garaşylýar.

“Ýukos” nebit kompaniýasy geçen ýyl günäsi geçilip azatlyga goýberilen Mihail Hodorkowskiýniň eýeçiligindedi. Ol salgyt galplyklary we döwletiň puluny ogurlamakda aýyplanyp, sekiz ýyl türme tussaglygynda saklanylypdy. 2005-nji ýylda Hodorkowskiý “Ýukos” kompaniýasyndaky öz paýyny “GML” toparyna satypdy.

“GML” “Ýukos” kompaniýasynyň öňki resmisiniň eýeçiligindedir. Suduň çykaran bu kararyny şikaýat etmek üçin Russiýa 10 gün möhlet berilýär.

XS
SM
MD
LG