Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Gaza, Ysraýyla çagyryş edýär


Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşi 28-nji iýulda geçiren adatdan daşary ýygnagynda Gaza zolagynda ok atyşygy “derhal we şertsiz” bes etmäge çagyryş edýän deklarasiýany kabul etdi.

Gürrüňi gidýän geňeş öz ýygnagynda “Oraza baýramynyň çäginde we ondan soňky döwürde ok atyşygy bes etmek baradaky ynsanperwer karary durmuşa geçirmegi we kabul etmegi üçin” Ysraýyla we Hamasa çagyryş etdi. Şeýle-de, geňeş munuň zerur bolan esasy kömegi bermäge mümkinçilik döretjekdigini sözüniň üstüne goşdy.

Oraza baýramy musulman ýurtlarynyň aglabasynda 28-nji iýulda bellenilip başlandy.

Gürrüňi gidýän deklarasiýa BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň ýygnagy başlamazdan öň, gürrüňi gidýän geňeşiň ähli 15 agzasy tarapyndan kabul edildi.

Gaza zolagyny dolandyrýan yslamçy “Hamas” topary we Ysraýyl ok atyşygy bes etmek barada soňky iki günüň dowamynda gysga wagtlaýyn birnäçe ylalaşyklara razy boldular, emma soňy bilen bu ylalaşyklar gaýtadan bozuldy.

Gaza zolagy bilen Ysraýylyň arasynda soňky üç hepde bäri dowam edýän çaknyşyklarda 1 müň 30 palestinaly we aglabasy esgerlerden ybarat 45 sany ysraýylly öldürildi.

XS
SM
MD
LG