Sepleriň elýeterliligi

Astana: Bäş zenan tussag edildi


Gazagystanyň polisiýasy hökümet tarapyndan emläkleriniň konfiskasiýa edilmegine garşy protest geçirýän bäş zenany tussag etdi.

Gürrüňi gidýän zenanlar gazak paýtagty Astanadaky Esil etrap polisiýa bölümine alnyp gidildi we protest geçirmek üçin resmilerden rugsat almandygy sebäpli olaryň geçiren köpçülikleýin protestleriniň bikanundygy mälim edildi.

Protestçi zenanlar aradan birnäçe sagat geçensoň, azatlyga goýberildiler. Gürrüňi edilýän zenanlar prezident edarasynyň başlygy Nurlan Nygmatulin bilen duşuşmagy talap edip, bäş gije-gündizini hökümet edarasynyň öňünde geçiripdiler.

Bu zenanlar “döwletiň zerurlyklary” üçin diýlip hökümet tarapyndan konfiskasiýa edilen Astananyň etegindäki emläkleri üçin maksadalaýyk konfiskasiýa berilmegini isleýärler. Olar ýerleriň yzygiderli adamlardan konfiskasiýa edilýändigini hem-de şol ýerlerde hökümet resmileri we işewürler üçin hususy jaýlaryň gurulýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG