Sepleriň elýeterliligi

Saakaşwilä garşy jenaýat işi gozgaldy


Gürjüstanyň prokurorlary ýurduň öňki prezidenti Mihail Saakaşwilä garşy jenaýat aýyplamalaryny ýöňkelýär.

Gürjüstanyň Baş prokuraturasynyň 28-nji iýulda beren maglumatyna görä, Saakaşwiliniň wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanandygy baradaky aýyplamalar 2007-nji ýylyň noýabr aýynda Tbiliside bolan hökümete garşy protestleri basyp ýatyrmak, şeýlede, “Imedi” telewideniýe merkezine garşy gurnalan reýd we onuň “ele geçirilmegi” bilen bagly.

Şuňa meňzeş aýyplamalar 2007-nji ýylda Gürjüstanda ýokary derejeli wezipeleri eýelän Saakaşwiliniň birnäçe ýaranyna garşy hem ýöňkeldi.

Bu baradaky beýanat 28-nji iýulda Saakaşwili Gürjüstanyň Baş prokuratura edarasyna soraga gelmänden soň yglan edildi.

Saakaşwili özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, geçen ýylyň ahyrynda Gürjüstany terk edipdi. Gürjüstanyň öňki prezidenti 28-nji iýulda öz Facebook sahypasynda “Gürjüstana haçan barjagyny özüniň çözýändigini” ýazdy.

XS
SM
MD
LG